Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman geçirimlidir

Özüne edilen bir ýamanlygy bagyşlamak, ýaramazlyklaryna geçirimlilik etmek kämil musulmanyň häsiýetlerindendir. Aslynda hetden aşmazlyk şerti bilen nähaklyga garşylygyny, paýyny bermek ýerlikli hasaplanylsa-da, ony goýbolsun etmekligiň has oňatdygyna şübhe ýokdur.
Allatagala şeýle diýipdir:
“Bagyşlasynlar, geçirimlilik etsinler, nusga bolsunlar. Allanyň sizi bagyşlamasyny isläňzokmy, eýsem?” (Nur, 22)
Pygamberimiz hem şeýle diýipdir:
 “Allatagala günäni bagyşlaýan adamyň diňe abraýyny artdyrar.” (Müslim, Birr, 19)
Musulman din doganlarynyň mätäç bolan zadyny üpjün eder Musulman mätäçlik çekýänlere elinden geldigiçe hiç hili öwezini islemezden diňe Allanyň razylygy üçin kömek eder, olaryň çekýän kynçylyklaryny aýyrmaga çalşar.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Musulman musulmanyň doganydyr. Oňa zulum etmez, ony zalymyň elinde taşlamaz. Kimde kim musulmanyň mätäçligini üpjün etse, Alla-da oňa kömek eder. Kimde kim musulmanyň bir kynçylygyny aýyrsa, Allatagala-da kyýamat güni onuň boýnundaky borçlarynyň birini aýrar. Bir adam din doganynyň aýybyny basyrsa, Alla-da kyýamatda onuň bir kemçiliginiň üstüni basyrar.”(Buhary, Mezalim, 3; Müslim, Birr, 15)