Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » AHLAK

Ahlak adamyň ruhunda ýerleşýän adata öwrülen düzgünler we endiklerdir. Bular biziň şahsy islegimize görä işleri we hereketleri emele getirýärler.
Organlarymyzyň hereketleri biziň ruhumyza baglydyr. Ruhumyza oňat häsiýetlerdir düşünjeler we ýagşy endikler ornaşsa, onda organlarymyzyň işleri we hereketleri hem oňatlygy nugaly bolýar. Muňa “oňat ahlak” diýilýär. Ruhumyza erbet, ýaramaz we pes endikler ýerleşse, onda organlarymyzyň işleri we hereketleri hem ýaramaz nugaly bolýar, şonuň üçin muňa-da “ýaramaz ahlak” diýilýär.
Şoňa görä, sözlerimiziň we hereketlerimiziň ýagşy, ahlagymyzyň oňat bolup bilmegi üçin, ruhumyzyň ýaramaz we erbet häsiýetlerden we endiklerden arassalanyp, ýagşy häsiýet we oňat endikler bilen gurşalmagy zerurdyr.