Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Bedenimiz bilen baglanyşykly wezipelerimiz

a.Kadaly iýmitlenmek:
Güýçli we sagdyn bolmak üçin bedeniň mätäçlik çekýän iýmitlerini almak şertdir.
Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:
“Eý, ynsanlar! Ýer ýüzündäki halal we arassa bolan iýmitlerden iýiň.”(Bakara, 168.)
Pygamberimiz hem:
 “Daýaw, güýçli bolan mömin arryk, hor möminden haýyrlydyr we Allanyň huzurynda has-da halanýandyr.” (Müslim, Kader, 8.) diýip, musulmanyň güýçli we sagdyn bolmaklygynyň ähmiýetini beýan edipdir. Beden munuň özi ruhuň ulagydyr. Ruhuň öz wezipelerini berjaý edip bilmegi ulagyň sagdyn bolmagyna baglydyr. Bu bolsa, bedene oňat seretmek we ony gowşak görnüşe getirjek zatlardan gorap saklamak bilen mümkin bolýandyr.
Dinimiz bedeni gowşak düşürjek görnüşde artykmaç ybadat etmegide dogry diýip tapmaýar.
Enes b. Mälikden (r.a.) şeýle rowaýat aýdylypdyr: Bir gezek egindeşlerden üç sany adam pygamberimiziň ybadatyny sorap öwrenmek maksady bilen onuň ýanýoldaşlarynyň öýlerine gidipdirler. Pygamberimiziň nähili we näçe wagtlap ybadat edýändigine göz ýetirenler ony azyrganyp:
-“Biz nirede, resulalla nirede?! Şübhesiz, Allatagala onuň geçen we geljekde ähtimal bolan günälerinide bagyşlandyr” diýipdirler.
Olaryň biri:
-“Men gijelerine-de yzygiderli namaz okajak” – diýipdir. Beýlekisi-de:
 -“Menem hemişe (her gün) oraza tutjak” – diýipdir. Üçünjisi bolsa:
-“Menem zenanalardan aýry ýaşajak, asla öýlenjek däl” –diýen. Şol wagt pygamberimiz gapydan giripdir we olara şeýle diýipdir: “Siz ony etsem, muny etsem diýýänlerden dälmi? Ýöne şuny oňat ýatda saklaň: Men siziň Alladan iň köp gorkanyňyzyň we gorananyňyzyň biridirin. Şonuň üçin käwagt nepil oraza tutaryn, käwagtam tutmaryn. Gijäniň bir böleginde nepil namaz okaryn, galan bölegini-de ýatyp geçirerin. Aýallar bilenem öýlendim. (Ynha, meniň sünnetim-ä şeýledir). Kimde kim meniň ýolumdan gitmän,ondan ýüz öwürse, boýun towlasa, onda ol menden däldir.”(Buhary, Nikah, 1.) diýipdir.
b.Bedeni zyýanly zatlardan goramak:
Dinimiz bedenimize zyýanly bolan we saglygymyza howply bolan zatlardan saklanmagymyzy buýruk beripdir, her hili spirtli içgi, geroin, neşedir tirýek ýaly beýhuş ediji maddalary ulanmaklygy düýpleýin gada- gan edipdir. Bulary ulanmak munuň özi bir adamyň bilip durka, öz-özüni howpa salmagy diýmekdir.
Allatagala mukaddes Gurhanda: “Özüňizi öz elleriňiz bilen howpa atmaň” (Bakara, 195.) diýip, usulmanlaryň zyýanly we howply zatlardan goranmaklaryny isläpdir.
Beden salgyny gadyry oňat bilinmeli nygmatlaryň biridir. Ynsan hemişe bu nygmanyň gadyryny bilmelidir we ony gorap saklamalydyr.
Pygamberimiziň aýdan şu öwütlerine ýörite üns berip göreliň:
 “Bäş sany zat gelmezden öň, bäş sany zadyň:
1.    Ölüm gelmezden öň, ömrüň,
2.    Kesel gelmezden öň, saglygyň,
3.    Tükeniksiz iş gelmezden öň, boş wagtyň,
4.    Garrylyk gelmezden öň, ýaşlygyň,
5.    Garyplyk gelmezden öň, baýlygyň, gadyr-gymmatyny bil.”(Keşful-Hafa, j. 1, s.148 (Hadysy Hekim we Beýhaky aýdypdyr).)
Saglygymyzy goramak we hassalanmazlyk üçin dürli çäreleri görmekligiň wezipämiz bolşy ýaly, kesellän wagtymyzda-da bejertmek, gaýtadan saglygymyza gowuşmak üçin her hili çäreleri görmek-de wezipämizdir.
Pygamberimiz:
“Alla beren hassalygynyň şypasyny-da berendir” (Buhary, Tybb, 1.) diýen sözleri bilen her bir hassalygyň çäresiniň bardygyny, ony bejerip bolýandygyny ýörite belläpdir. Başga bir hadysynda bolsa
“Alla beren derdiniň dermanyny-da berendir. Saglygyňyzy bejerdiň”(Buhary, Tybb, 19.) diýip, dertden halas bolmaklygyň ýoluny görkezipdir.
Jemläp aýdanymyzda, musulman halal we arassa iýmitler bilen iýmitlenmeli, zyýanly bolan zatlardan gaça durup, saglygyňy gorap saklamaly, kesellän halatyňda-da bejeriş ýollary bilen saglygyna gowuşmak üçin gerekli zatlary berjaý etmelidir.