Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Doganlarymyz bilen baglanyşykly wezipelerimiz

Doganlar biri-biriniň üstüni doldurýan bir bütewiligiň bölekleri mysalydyr. Şol sebäpli, doganlaryň arasynda şeýle bir ykjam agzybirlik we jebis baglanyşygy bolmalydyr, ýagny olary hiç zat asla biri-birinden uzak düşmeli däldir.
Miras, mal-mülk we pul ýaly zatlar we maddy çykdajylar doganlary biri-birinden aýyrmaly däldir we biri-birinden aralaryny açmaly däldirler.
Umumy alnan ýagdaýynda-da musulman bütin ynsanlaryň öňünde ýagşylyk etmeklige jogapkärdir. Şoňa görä ýagşylyk etmekde bize iň ýakyn bolanlar-da öz doganlarymyzdyr. Parz bolan zekat berlen wagtynda-da garyp galan doganlaryň öň hatarda görülmegi doganlar bilen oňat gatnaşyk etmäge we olara kömek bermäge dinimiziň nähili ähmiýet berýändiginiň anyk nusgasydyr.
Doganlardan biri beýlekileriň bähbitlerini öz bähbidi ýaly görüp, olary goramaga çalyşmalydyr. Aýratynam, uly doganlar (agalar) kakalarynyň bolmadyk ýagdaýlarynda onuň ýokdugyny bildirmezlige, onuň ornuny doldurmaklyga gaýrat etmeli, kiçi doganlara (inilere) hormat goýmaly, sylamaly, hemişe göz-gulak bolup goramalydyr.
Agalar inileri üçin kaka ornundadyr. Şol sebäpli, iniler öz agalaryna hormat etmeli, olara gödeklik, tertipsizlik etmeli däldir, göwnüne degjek hereketdir sözleri ulanmaly däldir. Doganlar özara, biri-birine bolan gatnaşygyny bozjak dawalardan, çekişmelerden habardar bolmalydyrlar, biri-birine goltgy berip, maşgalanyň agzybirligini gorap saklamalydyrlar.