Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman gep gezdirmez, şugullyk etmez

Birinden eşiden habaryny başga birine äkitmek diýmegi aňladýan şugullyk adamlaryň arasynyň açylmagyna we jemgyýetde rahatlygyň bozulmagyna sebäp bolan ýaramaz we zyýanly häsiýetdir we dinimiz tarapyndan hem gadagan edilendir. Her bir musulmanyň mundan gaça durmagy zerurdyr.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Görübilmezçilik eden, şugullyk eden we göze çöp atan menden däldir, men hem olardan däldirin.” (Et-Tergib wet-Terhib, 3 / 499 (Hadysy Taberany aýdypdyr))
“Şugulçylyk eden jennete girmez.” (Et-Tergib wet-Terhib, 3 / 499 (Hadysy Taberany aýdypdyr))