Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Goňşularymyz bilen baglanyşykly wezipelerimiz

Maşgala we dogan-garyndaşlarymyzdan soňra bize iň ýakyn bolan, her gün duşuşýan we köplenç birlikde bolýan we her wagt goldawyna mätäç bolan goňşularymyz bilen oňat gatnaşyk etmek, olary birahat etmezlik dinimiziň buýrugydyr.
Pygamberimiz goňşynyň hak-hukuklary bilen baglanyşykly şu maslahaty beripdir:
“Alla we ahyret gününe ynanan goňşusyna azar bermesin”.(Buhary, Edep, 21; Müslim, Iman, 19.)
Goňşusyna azar beren adamyň kämil bir musulman bolmajakdygy ýaly, ol adam jennete-de girjek däldir.
Ebu Hüreýreden gürrüň edipdirler. Şonda şeýle diýilýär: Pygamberimiziň üç gezek yzly-yzyna “walla, musulman bolmaz” diýenini eşitdim.
Ondan “Eý, Resulalla, kim musulman bolmaz?” diýip soradylar. Pygamberimiz:
“-Şerraýlygyndan ýaňa goňşusy rahat bolmaýan adam” (Buhary, Edep, 29.) diýip jogap beripdir.
Görnüşi ýaly, kämil we oňat musulman bolup bilmek goňşyny rahatsyz etmezlige baglydyr, diňe bu ýagdaý hem ýeterlik däldir. Goňşa ýagşylyk etmek-de ähmiýetli bolan ahlak düzgünidir.
Pygamberimiz bu mesele hakynda şeýle diýipdir:
“Allatagala we ahyret gününe ynanan her bir adam öz goňşusyna ýagşylyk etsin.” (Müslim, Iman, 19.)
Musulman goňşusynyň şatlygyna şatlanmaly, gynanjyny deň paýlaşmaly, mätäçlik çekse, kömek bermeli we kynçylyklaryny ýeňmegi üçin hemaýat bermeli. Hakyky musulman we oňat goňşy bolmaklygyň esasy hem şundadyr.
Pygamberimiziň şu maslahatlaryny we eden belliklerini her bir musulmanyň içgin öwrenmegi we ondan ders almaklygy zerurdyr. Olarda şeýle diýilýär:
“Duldegşir goňşusy açka, dok ýaşaýan musulman hakyky musulman däldir.” (Et-Tergib wet-Terhib, 3/ 358 (Hadysy Häkim aýdypdyr).)
“Duldegşir goňşusynyň açdygyny bilse-de, öz dok ýatan adam maňa iman eden däldir.” (Et-Tergib wet-Terhib, 3/ 358 (Hadysy Taberany we Bezzar aýdypdyr).)
Goňşular bilen baglanyşykly esasy wezipelerimiz şulardyr:
-    Goňşularyň hak-hukuklaryna sarpa goýmak,
-    Olary söz we hereketdir eden işleriň bilen gynandyrmazlyk,
-    Şatlygyny we gynanjyny paýlaşmak,
-    Dert-alada we kynçylyklaryny aýyrmaklyga çalyşmak,
-    Gerek ýagdaýynda kömek etmek, karz bermek, sowgatlaşmak,
-    Hassalary soramak, aradan çykanyň jynazasyna gatnaşmak we patasyna barmak, yzyýarasyn aýtmak.
Jemläp aýdanymyzda, öz halan zatlarymyzy goňşularymyz üçin-de arzuw etmek, özümize edilmegini islemeýän zatlarymyzy goňşularymyza- da islemezlik hökmanydyr.