Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman görübilmezçilik etmez

Görübilmezçilik munuň özi başga biriniň eýe bolan nygmatyny gysganmak we bu nygmatyň şol adamyň elinden gitmegini islemekdir. Ençeme ýaramazlygyň çeşmesi bolan görübilmezçilik gaty ýaramaz häsiýetdir.
Pygamberimiz musulmanlaryň ony taşlamagyny isläp şeýle diýipdir:
-    “Biri-biriňize görübilmezçilik etmäň.” (Buhary, Edeb, 57)
Görübilmezçilik eden adam öz gazanan sogaplaryny ýitirip, soňunda zyýanyny görjekdir. Bu hakynda pygamberimiz şeýle diýipdir:
-    “Görübilmezçilikden saklanyň, çünki, ataşyň edil odunlary iýşi ýaly, görübilmezçilik-de ýagşylyklary iýer, nam-nyşan goýmaz.” (Ebu Dawud, Edeb, 52)