Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ilen-çalan we kowum-garyndaş bilen baglanyşykly wezipelerimiz

Ilen-çalan we kowum-garyndaşlar giň manyda maşgalamyzyň bir bölegi bolandygy üçin olar bilen baglanyşykly-da birnäçe wezipelerimiz bardyr.
Ilen-çalan we kowum-garyndaşlarymyza görme-görşe gitmek, hoşamaýlyk bildirmek, sarpa goýmak, mätäç bolanlaryna kömek bermek, mätäç bolmasa, sowgat-serpaý edip, olaryň göwünlerini almak, uzaklarda ýaşaýanlara jaň etmek, hat ýazmak, hal-ýagdaýyny sorap durmak bilen garyndaşlyk gatnaşygyny güýçlendirmäge çalyşmak we kowum-garyndaşlaryň arasyny bozjak sözlerden we hereketlerden gaça durmak ýaly ahlaky wezipelerimiziň içinde orun alýar.
Dinimiz ilen-çalan we kowum-garyndaşlara hoşamaý we sypaýyçylykly çemeleşmeklige aýratyn üns beripdir.
Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:
“Allatagala ybadat ediň we oňa hiç bir zady şärik goşmaň. Ene-ata, ilen-çalan we kowum-garyndaşlara, ýetimlere, ýakyn goňşa, uzak goňşa, ýanyňyzdaky ýoldaşyňyza, ýolagça, gatnaşyk edýän kişileriňize ýagşylyk ediň.” (Nisa, 36.)
Bir adam pygamberimize:
“Eý, Resulalla! Meniň jennete girmekligime sebäp bolup biljek bir amaly aýdyp bersene”-diýen. Şonda pygamberimiz:
“Alla üçin ybadat etgin we oňa hiç bir şärik goşmagyn, namaz okagyn, zekatyňy bergin, ilen-çalan we kowum-garyndaşlara göz-gulak bol gun” (Buhary, Edep, 10; Müslim, Iman, 4.) -diýip jogap beripdir.
Ilen-çalan we kowum-garyndaşlara ýagşylyk etmek jennete girme- gimize sebäp bolar, olar bilen arany açmak, gatnaşygy kesmek bolsa, bizi bu nygmatdan mahrum eder.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Ilen-çalan we kowum-garyndaş bilen gatnaşygyny kesenler asla jennete girmez.”(Buhary, Edep, 11; Müslim, Birr, 6.)