Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ýagşylygy ýaýdyrmak, ýamanlygy goýdyrmak emri (emri bil-maruf nehýi anil-münker)

Dinimiziň köpçülige ýükleýän wezipeleriniň biri-de ýagşylygy ýaýdyrmak, ýamanlygy goýdyrmak emridir.
Jenaby Hak adam ogluny ýaradanyndan soňra, ony özbaşyna, ýeke- täk görnüşde taşlamandyr, iberen pygamberleri bilen hem bu dünýäde hem-de ahyretde ony bagtly we hoşal etjek ýollary görkezipdir. Ilkinji ynsan bolan Adam aleýhissalam (Adam ata) şol bir wagtyň özünde-de birinji pygamberdir.
Adam atadan başlap, ahyrky pygamber Muhammet Mustafa (s.a.s.) çenli ençeme pygamberler geçipdir.
Bu pygamberler adamlara Allatagalanyň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny habar beripdirler we ýaramazlyklary aýyrmaga synanyşyk edipdirler.
Ahyrky pygamber bolan biziň pygamberimiz-de bu wezipäni bir-kemsiz we oňat görnüşde berjaý edip, onuň begenji we guwanjyny görüp, ahyrynda-da amanadyny tabşyryp ahyrete gowşupdyr.
Şuňa hiç hili şübhe bolup bilmez, ýagny pygamberimiziň Allatagala gowuşmagyndan soňra bu wezipe (elbetde, başga pygamberiň gelmejekdigine görä), biz musulmanlara galypdyr. Şonsuzam, mukaddes Gurhanda bu wezipe bize berlipdir. Bu barada şeýle diýilýär:
 “Siz adamlaryň ýagşylygy üçin ýüze çykarylan iň haýyrly ymmatsyňyz (çünki siz); ýagşylygy ýaýarsyňyz, ýamanlygy goýarsyňyz we Allatagala ynanarsyňyz.” (Ali Imran, 110)
 “Mömin erkekler we mömin zenanalar biri-birleriniň kömekçileridir, ýagşylygy ýaýarlar, ýamanlygy goýarlar.” (Tewbe, 71)
 “Ötünç sorama ýoluny tut, ýagşylygy ýaý, jahyllygy goý, olardan ýüz öwür.” (Araf, 199)
 “Siziň araňyzdan haýyra çagyran, ýagşylygy ýaýdyran, ýamanlygy goýduran bir köpçülik bolsun.” (Ali Imran, 104)
Pygamberimiz-de:
“Ýollaryň üstünde oturmakdan saklanyň”-diýdi. Egindeşler:
“Biz ýollaryň üstünde oturmaga mejburdyrys, şol ýerde söhbet edýäris”-diýdiler.
“Siz ýoluň üstünde oturmagy goýmajak bolsaňyz, onda ýoluň hakyny-da beriň.”-diýdi. Egindeşler:
“Eý, Allanyň resuly, ýoluň haky näme?”-diýip soradylar. Pygamberimiz:
“Gözüňi ýummak (harama seretmezlik), gelip-geçene azar bermezlik, salam almak, ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygy goýmakdyr” (Buhary, Mezalim, 22; Müslim, Libas, 32) diýdi.
Ýagşylygy ýaýdyrmak, ýamanlygy goýdurmak wezipesi musulmanlaryň köpçülik ýaşaýşy babatdan uly ähmiýeti bardyr. Bu wezipäniň ahmal edilmegi ýaramazlyklaryň ýaýramagyna, köpçülikde rahatsyzlygyň, dartgynlygyň ýüze çykmagyna sebäp bolar. Şonuň üçin pygamberimiz:
 “Sizden kimdir biri ýaramaz bir işi görse, ony eli bilen, muňa güýji ýetmese, onda dili bilen öňüni alsyn; oňa-da güýji ýetmese, onda ýüregi bilen ýigrensin. Bu bolsa imanyň iň pes derejesidir.”( Müslim, Iman, 78; Ebu Dawud, Salat, 232) diýip, wezipäniň ähmiýetine ünsi çekipdir.
Pygamberimiz bu hadysynda köpçülikde ýüze çykan ýaramazlyga garşy üç hili hereket etmekligiň gerekdigini beýan edipdir:
1.    Güýç bilen garşylyk bermek: Ýaramazlygy güýç ulanyp, duruzmak. Bu döwletiň wezipesidir. Ýaramazlygy, pitnäni her kim güýç ulanyp, aýyrjak bolsa, onda dawa çykar, goh-galmagal turar. Şonuň üçin bu wezipe döwlet tarapyndan berjaý ediler. Ýöne jemgyýetiň agzalary hem muňa kömekçi bolar, bolmalydyr.
2.    Dil bilen öňüni almak: Munun özi ýaramazlygyň manysy düşündirip, onuň öňüni almak, aýyrmak diýmekdir. Başgaça aýdylanda, köpçülige düşündiriş işlerini geçirip, şol ýaramazlygyň zyýanyny dürli deliller bilen beýan etmekdir. Bu işde alymlaryň üstüne örän uly wezipeler düşýär, olar wagyz etmek, öwüt-nesihat bermek, her hili düşündirmek ýoly bilen ýaramazlygyň öňüni almaga çalyşmalydyrlar.
Bu wezipe köpçülige düşündirilmegi, maslahat berilmegi taýyndan has peýdalydyr. Hatda pygamberimiziň hut özi diniň özeniniň nesihatdan ybaratdygyny beýan edipdir. Bu wezipäni ýerine ýetirjek ynsanlarda birnäçe häsiýetli aýratynlyklaryň bolmalydyr. Olar gysgaça görnüşde şulardan ybaratdyr:
1.    Wagyz etjek adamyň bilim taýdan taýýarlygy we tejribesi bolmalydyr. Bilimi bolmadyk adam bu wezipäni berjaý edip bilmez. Adam başgalaryna öwretjek bir meselesini öňi bilen özi oňat bilmelidir. Bolmasa, öz bilmeýän zadyny başga adamlara nädip öwretsin?! Mysal üçin, sowady bolmaýan adam başga birine nädip okama-ýazmany öwredip biler?!
Biçimçilik ussatlygyny bilmeýän, matanyň nähili kesiljekdiginden we eşigiň nähili dikiljekdiginden habary bolmaýan adam nädip biçimçilik babatda ders berip biler?! Dini meseleler hakynda ýeterlik tejribesi bolmaýan adam hem hut şonuň ýalydyr.
Nesihat etjek adam öz garaýşyny däl, Allatagalanyň we pygamberiň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny düşündirmelidir. Muny bilmedik nädip köpçüligiň öňüne çykar, nädip olara öwüt berer?! Üstesine-de, düşündirişinde ýalňyş zatlary aýtsa, soňy kyn bolar. Munuň bolsa uly günäsi bardyr. Bu hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:
“Diliňize gelşi ýaly “bu halaldyr, bu haramdyr” diýmäň, çünki Allatagalanyň öňünde ýalan we ýasama gürrüň etdigiňiz bolar. Allatagala bilen baglanyşykly ýalan we ýasama gürrüň çykaranlaryň halas bolmajakdygy şübhesizdir.”(Nahl, 116)
2.    Wagyzdyr mahlahatyň esasy maksady Allatagalanyň razylygy bolmagydyr. Allanyň razylygy bolmaýan hiç bir zadyň Allatagalanyň huzurynda gadyr-gymmaty ýokdur.
3.    Şahsyýete we jemgyýete wagyz etjek adam mylaýym, hoşamaý we sypaýyçylykly gürlemelidir, öňündäki diňleýjilere mähirli ýüzlenmelidir.
Jenaby Hak Musa aleýhissalamyň dogany hezreti Harun bilen bilelikde taňrylyk garaýşyny öňe süren Firawuna (töwella etmek üçin) iberen mahaly oňa şu buýrugy beripdir:
“Oňä süýji söz bilen sypaýyçylykly düşündiriň, belki ol düşüner ýa-da gorkar.” (Ta-Ha, 44)
Ymam Gazaly özüniň “Ihýau Ulumid-din” diýen eserinde şeýle nusgadaky hekaýaty beripdir:
“Biri Abbasy haliflerinden bolan Memuna azgyrylyp öwüt bermäge başlapdyr. Şonda Memun:
-    “Halypa, hem biraz ýuwaşyrak bol hem-de biraz sypaýyçylykly sözle. Çünki, Allatagala senden has gowusyny menden-de has ýaramazyna iberen halatynda-da, oňa mylaýym sözle diýip buýruk beripdir ahyry, “Oňä süýji söz bilen sypaýyçylykly düşündiriň, belki ol (şunuň saýasynda) düşüner ýa-da gorkar.”diýipdir.
Iň esasy zat ynandyrmakdyr, ynandyran düşünjäňe “bolýar” diýdirip bilmekdir. Şonuň üçin halka düşündiriş işi sypaýyçylykly dil bilen we mylaýym, ýumşak usul bilen alnyp barylmalydyr.
Bir ýaş oglan pygamberimiziň ýanyna gelip:
“Eý Allanyň resuly, maňa zyna etmeklige rugsat berersiňizmi?” diýen. Şol ýerdäkiler: “Bu nähili edepsizlik?” diýip oglanyň üstüne gygyryp başlapdyrlar. Şonda pygamberimiz:
-    Oglana azar bermäň, goý ol meniň ýanyma ýakyn gelsin diýipdir. Oglan pygamberiň ýanyna golaý gelipdir. Pygamberimiz oňa:
-    Sen öz ejeň bilen başga biriniň zyna etmegini islärdiňmi? –diýip sorapdyr. Oglan:
-    “Asla islemerin, eý Allanyň resuly, janym saňa gurban bolsun!-diýen. Pygamberimiz:
-    “Hut şonuň ýaly adamlar-da başgalarynyň öz ejeleri bilen zyna etmegini halamazlar”-diýen. Soňra-da:
-    “Öz gyzyň zyna etmegini islärdiňmi?”diýen. Ýaş oglan:
-    “Janym saňa gurban bolsun, Allanyň resuly, asla islemerin”-diýen. Pygamberimiz:
-    “Ynsanlar-da seňki ýaly öz gyzlary bilen zyna etmegini islemezler”- diýen. Yzyndan-da:
-    “Uýaň üçin diýseler, sen islärdiňmi?”-diýen. Ýaş oglan:
-    “Allanyň resuly, janym saňa gurban bolsun, asla islemerin”-diýen. Şondan soňra pygamberimiz mübärek elini şol ýaş oglanyň göwsüniň üstünde goýdy-da:
-    “Allahym, ýaş oglanyň ýüregini ýaramazlyklardaan arassala, günäsini bagyşla, at-abraýyny gora, özüne-de zynany ýigrendir-diýip doga etdi.
Pygamberimiziň bu dogasyndan soňra, şol ýaş oglanyň düşünjesi üýtgän we zynadan erbet zadyň ýokdugyna göz ýetiren. (Ahmet b. Hanbel, j.5, s.265.)
Ynha, wagyz diýilýän şeýle täsirli metoddyr.
1.    Ýagşylygy ýaýdyran, ýaramazlygy goýduran adam sabyrly bolmalydyr, hemişe gaty seresaply hereket hereket emelidir.
2.    Aýdan zatlaryny özi hem berjaý etmelidir. Eden wagzynyň, öwüt-nesihatynyň täsirli bolup bilmegi üçin öňi bilen onuň özi köpçülige nusga bolmalydyr.
Içgi içýän adamyň başga birine “aý, ynha içgi haramdyr, saglyga zyýanlydyr” görnüşindäki gürrüňi nähili täsirli bolup bier?! Şonuň üçin Jenaby Hak mukaddes Gurhanda şeýle diýipdir:
“Eý, iman edenler! Siz öz etmejek işleriňizi näme üçin aýdýarsyňyz? Allanyň huzurynda siziň iň uly günäňiz etmejek işleriňizi dile almaklygyňyzdyr.”(Saff, 2-3)
Allatagala Şuaýyp aleýhissalamdan habar berip, onuň öz iberilen jemgyýetine şeýle diýip aýdangyny beýan ediýär:
“Size gadagan eden zatlarymy özüm berjaý edip, siz bilen gapma-garşy topar bolmak islemeýärin.” (Hud, 88)
Jenaby Hak başgalaryna eden nesihata boýun bolmaýanlara şeýle diýipdir:
“(Eý alymlar) siz kitaby okap, hakykata göz ýetirip, ynsanlara ýagşylyk barada öwüt-nesihat berýärsiňiz, näme özüňizi ýatdan çykarýaňyzmy?” (Bakara, 44)
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Kyýamat gününde bir adam getirilip jähenneme atylypdyr, dessine onuň içegeleri garnyndan daşary zoglap çykypdyr we edil degirmen daşy ýaly aýlanmaga başlapdyr. Jähennemdäkiler onuň töweregine üýşüpdiler we oňa:
-    “Eý, pylany, bu ýagdaýyň nä boluş?! Bize ýagşylygy ýaýdyran, ýaramazlygy goýduran sen dälmidiň eýsem?-diýenler. Ol şonda:
-    “Wah, ol aýdýanyňyz dogry, ýagşylygy ýaýdyranymam, ýaramazlygy goýduranynam çyn, ýöne men size aýdan zatlarymy özüm edemokdym, gepem şunda-da”-diýipdir.” (Müslim, Zühd, 7)
Şonuň üçin, hem eden wagzynyň, öwüt-nesihatynyň täsirli bolmagy hem-de edeniň jogäpkärçilikden halas bolup, eden hyzmatyň ornuna ejir almazlygy üçin başga adamlara beren öwütlerini özüniň hem tutmagy we ony durmuşda berjaý etmegi zerurdyr.
Ynha, ýagşylygy ýaýdyrmak, ýaramazlygy goýdurmak babatda-da halka ýol görkezmek wezipesini amal edenlerde maddalar nusgasynda görkezen häsiýetli aýratynlyklarymyzyň bolmagy hökmanydyr.
ç. Ýaramazlyga garşy duruljak hereketiň üçüsi-de ýaramazlyga ýürekden ýigrenç bildirip, ony halamadygyňy, gowy görmedigiňi belli etmekdir. Bu bolsa imanyň iň pes derejedäki häsiýetindendir.
Hadysda beýan edilişi ýaly, döwlet we millet el-ele berip göreş alyp barsa, ýaramazlyklar aradan aýrylar we jemgyýetiň rahatlygy ýola goýlar.
Köpçülik bu wezipäni ahmal edip, nämeme gerek diýse, onda ýaramazlyklar ýaýrar we ondan diňe ýaramazlyk edenlere däl, eýsem tutuş köpçülige hem täsiri ýeter. Iş işden geçenden soňra puşmanlykdan-da peýda bolmaz.
Pygamberimiziň bu mesele bilen baglanyşykly şu maslahatyny hemişe göz öňünde tutmalydyrys. Ol şeýle diýipdir:
“Allanyň bellän çägine görä hereket edenler bilen şol çäkden çykýanlar şu jemgyýete meňzärler. Olar gämide oturjak ýerlerleri bije çekip bellediler we özara paýlaşdylar. Bir bölegi gäminiň ýokary gatynda, beýleki topary-da aşaky gatynda ornaşdylar. Aşakda ýerleşenler suw almak üçin ýokary çykan wagtlarynda üstde ýerleşenleriň ýanyndan geçerdiler. Olar:
“Bijede paýymyza düşen aşakdan bir ýeri deşsek (gerek bolan zady- myzy, suwy şondan alaýsak), ýokardakylary biynjalyk etmesek” –diýdiler. Ýokarky gatdakylar olara razy bolsalar-da, gäminiň içi suwdan doljakdy we netijede-de gark bolma howpy bardy.Eger olary gäminiň batmagyna sebäp boljak bu howply işden halas etseler, olaryň özleri hem halas boljaklardyr. Olaram halas eden halaslanjakdyrlar.” (Buhary, Şerike, 6)
Pygamberimiz köpçülige duýduryşdyr maslahat bermeýänleriň soňunda şol köpçülik bilen bir hatarda özi hem ýok bolup gitjekdigini anyk nusga bilen düşündiripdir.
Bir adamyň pygamberimiziň öwgüsine mynasyp bolup bilmegi üçin özünde birnäçe edep we oňat ahlak häsiýetleri bolmagy zerurdyr.
Bulary gysgaça şeýle görkezmek bolar: