Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman amanaty gorar

Musulman özüne göz-gulak bol diýlip tabşyrylan zady gorar, amanata hyýanat etmez. Bu amanatyň adamlara we döwlete degişli bir zat bolup biljekdigi ýaly, berjaý edilmegi zerur wezipe-de bolup biler.
Amanat edilen zady goramak, berlen wezipäni ýerine salmak, berjaý etmek ahlaky wezipedir we dinimiziň buýrugydyr. Amanata hyýanat edenler kämil musulman bolup bilmez. Amanata hyýanat ikiýüzlüligiň alamatydyr.
Pygamberimiziň şu hadysyna seredip geçeliň. Onda şeýle diýilýär:
“Ikiýüzliniň (münafyk) alamaty üçdür:
-    Sözlän wagty ýalan aýdar,
-    Söz beren wagty sözünden däner,
-    Özüne bir zady amanat etseň, ol oňa hyýanat eder.” (Buhary, Iman, 24; Müslim, Iman, 25)
Boýnumyza alan işdir wezipelerimizem amanatdyr.
Amanatlaryň eýesine berilmegi, eýelik edýänleriň wezipä bellenilmegi Allatagalanyň buýrugydyr.
Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Hakykatdanam, Alla size amanatlary eýelerine bermegiňizi we adamlaryň arasynda wezipe berjaý edeniňizde, ony adyllyk bilen berjaý etmekligiňize buýruk berýär.” (Nisa, 58)
Döwlet işleriniň we millete degişli hyzmatdyr gulluklaryň eýesi bolan adamlara berilmegi we jemgyýetde adalatyň ýola goýulmagy milletiň we rahatlygy we döwletiň dowamaty üçin gerekli bolan şertdir.
Işleriň başarnygy bolmaýan adamlara berilmeginiň ýaramaz netijesi hakynda pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Işi başarnygy bolmaýan adama berdiňmi, onda kyýamata garaş.” (Buhary, Rikak, 35)
Milletiň işlerini alyp barýan ýolbaşçy we jogapkär adamlar üçin bu bu aýydylan söz möhüm duýdyryşdyr.