Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman sabyrlydyr

Sabyr oňat häsiýetdir, ýokary derejede edeplilikdir. Kynçylyklara, gaýgy-aladalara döz gelip, üstünlige ýetmek diňe sabyr etmek bilen mümkindir.
Duş gelnen bir nähaklykdan we ýamanlykdan halas bolmak mümkinkä, muňa synanyşman, kynçylyga, gaýgy-alada galmak munuň özi sabyr däldir, barypýatan horlukdyr, sabryň manysyna ýalňyş düşünmekdir.
Käbir musallatlyklar, kynçylykly we agyr ýagdaýlar bardyr welin, olaryň öňüni almaga adamzadyň güýji ýetmez. Şonuň ýaly ýagdaýda gaýgy-alada galman, ýazgyda kaýyl bolup sabyr etmek zerurdyr, ganygyzgynlyk etmezlik gerekdir. Şeýle hereket edenleriň öwezini doldurjakdygyny jenaby Hak hem ýörite belläpdir.
Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:
 “Sabyr edenleriň ýagşylyklarynyň öwezi hasapsyz doldyryl jakdyr.” (Zümer, 10)