Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Myhmanlar bilen baglanyşykly wezipelerimiz

Myhmanlary hormatlamak we olara hödür-kerem etmekligi-de dinimiziň maslahat beren ahlaky däp-düzgünlerindendir.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Alla we ahyret gününe ynanan adam öz myhmanyna hödür-kerem etsin. Alla we ahyret gününe ynanan adam öz ýakynlaryna göz-gulak bolmaklygy dowam etdirsin. Alla we ahyret gününe ynanan adam ýa-ha haýyrly we hoş söz sözlesin, bolmasa-da dymsyn.” (Buhary, Edeb, 85; Müslim, Iman, 19.)
Myhmanlar bilen baglanyşykly esasy wezipelerimiz şulardyr:
-    Myhmanlary güler ýüz we süýji söz bilen garşylamak,
-    Oňat görnüşde hormatlamak we hödür-kerem etmek,
-    Myhmana çytyk ýüz bilen garamazlyk,
-    Onuň ýanynda çagalara we hyzmat edenlere käýemezlik,
-    Myhmany gitjek wagty güler ýüz bilen ýola salmak.
Ýakynlarymyza, ýaşulularymyza we dost-ýarlarymyza görme-görşe gitmek-de berjaý edilmegi hökmany bolan ahlaky wezipelerimiziň biridir. Bular dostluk baglarynyň we doganlyk duýgularynyň güýçlenmegini emele getirýän iň ajaýyp gatnaşyklardyr.
Görme-görşe gidilende, şu zatlara aýratyn üns berilmelidir:
-    Görme-görşe gitmek üçin amatly wagty saýlamak,
-    Görme-görşi bizar etjek görnüşde ýygjam ýola goýmazlyk,
-    Görme-görşe gidiljek adama, mümkin boldugyça, öňünden habar bermek,
-    Egin-eşigiň düzgüne laýyk bolmak,
-    Rugsat almazdan hiç kimiň öýüne ýa-da otagyna girmezlik,
-    Özüne hödür-kerem edilen nahara at dakmazlyk,
-    Öý eýesiniň şatlygyna we gynanjyna deň derejede goşulmak.
Din doganlaryna Allanyň razylygy üçin görme-görşe gidenler ahyrynda Allatagalanyň söýgüsini gazanarlar.
“Adamyň biri başga obada ýaşaýan din doganyna görme-görşe giden wagty Allatagala bu adamyň ýoluna gözegçilik etmek üçin bir perişdäni iberipdir. Ol adam ýolda perişdäniň ýanyndan geçende, perişde ondan nirä gidýändigini sorapdyr. Adam:
“Şu obada bir doganym bar, şony göreýin diýip barýaryn” diýip jogap beripdir. Onda perişde:
-    “Ol adam saňa geçmişde ýagşylyk edip, şonuň yzyny dowam etdireýin diýip barýarmyň?” diýen. Adam:
-     “Ýok, men ony men diňe Allanyň razylygy üçin oňat görýärin” diýip jogap beripdir. Ahyrynda perişde:
-    “Men Allatagalanyň saňa iberen ilçisidirin. Sen şol adamy nähili derejede halaýan bolsaň, Alla-da seni şonça halaýar”- diýdi.” (Müslim, Birr, 12.)