Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Naharlanyşdaky edeplilik

Nahar edinilýän wagtynda eýerilmeli birnäçe edep, tertip düzgünleri bardyr. Bular üç topara bölünýär: Nahardan öň, nahar döwründe we nahardan soňky düzgünlerdir.


A.Nahardan öň:


a.Azyklaryň we iýmitleriň halal ýollar bilen gazanylan bolmagy hem-de arassa we oňat, täze bolmagy esasy şertleriň biridir.
Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:  “Zatlaryňyzy, mallaryňyzy araňyzda nähak ýollar bilen iýmäň.” (Bakara, 188.)
 “Eý, iman edenler! Size beren rysgallarymyň oňat we arassa bolanlaryndan iýiň.” (Bakara, 172.)
b.Nahardan öň, elleriňi ýuwmak.


B.Nahar wagtynda


-Nahara “bismilla” diýip başlamak.
-Sag eliň bilen iýmek.
-Bir gapdan iýilýän bolsa, nahary öz öňünden iýmek. Omar b. Seleme şeýle diýýär:
Pygamberimiz maňa şeýle diýip maslahat berdi: “Bismilla” diý, sag eliň bilen iý we öz öňüňden iý.” (Müslim, Eşribe, 108.)
-Nahara göwnüýetmezlik etmezlik, at dakmazlyk.
Pygamberimiz hiç bir nahara at dakmandyr. İşdäsi bolsa iýer eken, işdäsi bolmasa-da, nahardan gaýra çekiler eken.(Müslim, Eşribe, 108.)
-Döwüm öz agzyňa görä alyp, oňat çeýnäniňden soňra ýuwutmak.
-Döwüm agzyňdaka geplemezlik.
-Suwy içmeziňden öň, onuň içine seretmek.
-Suwy bir demiňe çekmezlik. Pygamberimiz suwy üç demde içer eken. (Buhary, Müslim.)
-Suwly gaba demiňi salmazlyk.
-Nahar döwründe başga adamlary tisgindirjek ýa-da ýigrendirjek söz aýtmazlyk we hereket etmezlik.
-Nahar wagtynda dymmak-da oňatlygyň alamaty däldir. Ýöne nahar iýilýärkä, oňat zatlar hakynda gürrüň etmeli, adamlary tisgindirjek ýa- da ýigrendirjek sözden, hereketden gaça durmaly.
-Çöregi ýere taşlamazlyk, üstünde gap-gaç goýmazlyk.
Pygamberimiz “Çörege sarpa goýuň” (Keşful-Hafa, j.1, s.170.) diýipdir. Eliňi ýa-da pyçagy çörek bilen süpürmekde ýerlikli hasaplanylmaýar. Eger pyçagy çörek bilen süpürip, soňra şol çöregi iýse, onda zyýany ýokdur.
-Dişleriň bilen bölen döwümiňi naharyň içine taşlamazlyk.
-Asgyrjak ýa-da agzyňdan bir zat çykarjak bolan halatyňda, ýüzüňi saçakdan başga tarapa öwürmek ýada agzyňy eliň bilen tutmak.
-Köpçülik bolup nahar iýilýärkä, öz öňüňdäki nahara seretmek, saga-sola göz gezdirmezlik, ýanyňdakylaryňa getirilen zatlara bakmazlyk.
-Agzyňdakyny ýuwutman, başga döwüm ýa-da bölek almazlyk. Zyýapatlarda öý eýesiniň özüniň hyzmat etmekligide ýerlikli hasaplanylýar. Bu hakynda şuny ýatlamak hem peýdalydyr. Pygamberimiz myhmanlaryna özi hyzmat eder eken.
Zyýapatda, toý-dabarada öý eýesiniň dymyp durmagynyň oňaýsyz bolşy ýaly, myhmanlaryň ýanynda hyzmat edenleriň üstüne gygyrmagy-da gaty gelşiksizdir. Öý eýesiniň üns bermeli zatlarynyň biri-de myhmanlary birahat etjek adamlaryň şol ýere getirilmezlidir. Myhman hem öý eýesiniň razylygy bolmazdan ýanyna başga adamlary getirmeli däldir.
Köpçülikleýin nahar iýilýän döwründe nahar iýmekligi dowam edýän adamlary utandyrmazlyk üçin her kim iýip gutarmanka, supra başyndan turmaly däldir.
Myhman öý eýesiniň rugsadyny almazdan we töwhir okamazdan aýaga galmaly däldir. Garaňkylykda iýmek hem mekrudyr.


ç. Nahardan soňky edeplilik hakynda


Nahar gutaranda “Elhamdülillah” diýilmelidir.
Pygamberimiz nahardan soňra: “Bizi iýdirip-içiren we musulman görnüşinde ýaradan Allatagala hamdolsun” diýip doga eder eken.
Nahara başlan wagtyňda “Bismillany” saçagyň başyndakylaryň hemmesi eşider ýaly aýtmak amatlydyr. Ýöne nahar iýlip bolnanynda soňra aýdyljak “Elhamdülillany” her kimiň eşitjek ýagdaýynda aýtmak dogry däldir.
Elleriňi ýuwmak we agzyňy çaýkamak hem nahardan soňra berjaý edilmeli edeplerdendir.