Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman merhemetlidir, rehimlidir.

Onuň ýüregi ynsanlara we janly-jandarlara söýgi we rehimlilik duýgularyndan doludyr. Hiç kimiň göwnüne degmez. Mätäçlik çekýänlere kömek eder.
Şonuň ýaly ynsana Alla-da merhemet eder, rehimdar bolar. Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Merhemet edenlere Alla-da merhemet eder. Siz ýerdäkilere merhemet ediň, goý, asmandakylaram size merhemet etsinler.” (Ebu Dawud, Edeb, 66; Tirmizi, Birr, 16)
 “Merhemet etmeýäne merhemet edilmez.” (Buhary, Edeb, 18)
Musulman diňe adamlara däl, eýsem bütin janly-jandarlara-da rehimli we merhemetli çemeleşer, haýwanlara hoşgylawly garar.
Allatagala ýaradan jandarlaryna hoşgylawly garaýanlary, oňa ýüregi awaýanlary bagyşlar, olaryň günälerini geçer.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Bir adam ýolda barýarka, gaty suwsapdyr, ahyrynda bir guýa gözi düşüpdir, şol ýere baryp guýudan suw içipdir. Şol wagt bir it dilini sallap gelipdir-de topragy ýalamaga durupdyr. Şonda ýaňky adam: “Bu it-de edil meňki ýaly suwsuzlykdan halys bolupdyr diýipdir-de aşak düşüp, ýaňky guýudan messisini dolduryp suw getirip, onuň agzyna tutup beripdir. Onuň bu işinde Allatagala razy bolup, onuň günäsini bagyşlapdyr.”
Şonda egindeşler:
“Eý, Resulalla, haýwanlarda-da biz üçin sogap barmy, eýsem?” diýip sorapdyrlar. Onda pygamberimiz:
-    “Her bir janly-jandarda biz üçin sogap bardyr” (Buhary, Edeb, 27; Müslim, Selam, 41) –diýip jogap beripdir.
Dinimiz diňe adamlaryň däl, eýsem haýwanlaryň-da hak-hukuklaryna sarpa goýulmagyna, olara rehimli garalmagyna buýruk beripdir. Haýwanlar adamlaryň peýdalanmagy üçin ýaradylandyr. Her bir haýwandan ýaradylyşyna amatly görnüşde peýdalanmaly, olary ondan başga ýerde ulanmaly däldir. Bütin haýwanlaryň wagtynda iýmitlendirilmegine aýratyn üns bermeli, olary aç-suwsuz goýmaly däl.
Pygamberimiz açlykdan ýaňa garny içine giden bir düýä gabat gelipdir, şonda: “Şu dilsiz haýwanlar üçin Alladan gorkuň, olara bakysyny ýetirip müniň we olaryň etini-de bakysyny ýetirip iýiň.” (Ebu Dawud, Jihad, 47) diýipdir.
Haýwanlary güýçleri ýetmeýän işlere goşup olary ýadatmak, olary ýençmek, olaryň ýüzüne urmak, azar bermek we aç-suwsuz goýmak merhemet ölçegleri bilen bir ýere sygyşmaz. Munuň ýaly hereketler derdini aňladyp bilmeýän jandarlara agyr zulumdyr.
Hezreti Ebu Bekiriň gyzy Esmadan (r.a.) şeýle rowaýat edipdirler.
Şonda şeýle diýilýär: Hormatly pygamberimiz günüň tutulan bir güni küsuf namazyny okanyndan soňra şeýle diýipdir:
“Maňa namazda jähennem şeýle bir ýakyndan görkezildi welin, hatda jähennem ataşy-da edil elýeterdedi. Şonda: Allahym! Menem jähennemdäkiler bilen (ataşa taşlananlar) bilelikdemi?-diýip alada galdym. Şol ýerde bir zenana gözüm düşdi. Onuň ýüzüni bir pişik dyrnaçaklaýardy.
-    Bu zenananyň günäsi näme?- diýip, şol ýerdäki azap berýän meleklerden soranymda, olar maňa:
“Bu aýal bir pişigi tä ölýänçä aç-suwsuz daňyp goýupdyr.” (Buhary, Müsakat,9) diýip jogap berdiler.
Haýwanlaryň höwürtgeleriniň, sürenleriniň, hinleriniň bozulmagy, çagalarynyň şol ýerden alnyp eneleriniň rahatsyz edilmegide dogry däldir.
Ibni Abbas şeýle gürrüň beripdir: Bir gezek pygamberimiz bilen bilelikde birnäçe adam bolup syýahata çykypdyk. Goş ýazdyran ýerimizde iki sany guşuň çagajygyny gördük we ýanymyza aldyk. Şondan salym geçip-geçmänkä, ynha birden olaryň enesi gelip, daş-töweregimizde aýlanmaga başlady. Bu ýagdaýy aňan pygamberimiz:
“Çagalaryny alyp, bu guşa kim ezýet etdi? Haýsyňyz alan bolsaňyz, derrew çagalaryny oňa beriň.” (Ebu Dawud, Jihad, 112) diýdi.
Haýwanlaryň köpüsi biziň peýdalanmagymyz üçin ýaradylandyr. Ýöne peýdalanmak maksady bilen bolmasa, olary öldürmek dogry däldir. Hormatly pygambermiz şeýle diýipdir:
“Kimde kim gereksiz ýere bir serçe guşuny öldürse, şol eýjejik guş kyýamat gününde:
-    “Eý, Rabby, pylany kes meni peýdalanmak üçin däl-de, diňe keýpine öldürdi.” (Nesei, Dahaýa, 8) diýip, Allatagala şikaýat etjekdir.
Musulman haýwanlara ezýet we horluk çekdirmekden hökmany gaça durmalydyr. Käbir etraplarda haýwanlary biri-biri bilen uruşdyrmak ýaly ýaramaz dessurlar-da bardyr. Haýwanlary biri-birleri bilen uruşdyryp, olara tomaşa etmek haýwanlara ezýet etmekligiň başga bir görnüşidir. Hormatly pygamberimiz haýwanlary biri-biri bilen uruşdyrmagy gadagan edipdir, (Ebu Dawud, Jihad, 56; Tirmizi, Jihad, 28) haýwanlara ezýet we horluk çekdirenleri näletläpdir. (Nesei, Dahaýa, 8)
Abdylla b. Omar (r.a.) bir gezek towugy nyşana almak üçin ýörite bellik nyşanasy hökmünde goýan we oňa ok atan birnäçe ýaş oglanlaryň ýanyndan geçýärdi. Olar Abdyllany göreninden dargap gaçypdyrlar. Şonda Abdulla:
“Bu towugy kim nyşana hökmünde dikdi. Şuny asla ýatdan çykarmaň, pygamberimiz aleýhissalam towuk ýa-da başga bir haýwany nyşana edip öldüren adama nälet etdi” (Buhary, Zebaih, 25) diýipdir.
Towuk ýaly haýwanlary ganatlaryndan, käbir haýwanlary-da aýaklaryndan tutup sallap götermek bilen ezýet çekdirmekden hem gaça durulmalydyr.
Haýwanlara örän merhemetli garaýan pygamberimiz suw gabyny aşak egip, pişiklere suw içirerdi.(Jamus-Sagyr, “Kane” maddasy).
Pygamberimiziň yoluny dowam etdiren atalarymyz haýwanlaryn hak-hukugyna gözegçilik edipdirler, olaryň iýip-içmeleri, ýaşamalary, hat-da rahat bolmagy üçin bir goraghana edipdir. Bu meselede köp mysal bardyr, şolaryň biri-de ajaýyp binalary bilen taryhymyzy bezeýän uly mimar Sinanyň Kaýserä degişli bolan Agyrnas obasynda Allanyň razylygy üçin bina eden çeşmäniň ýanynda uzynlygy 260, ini 160 arşyn giňişligindäki meýdanda suw içmäge gelen haýwanlar üçin goraghanasydyr. (Minarbaşy Koja Sinanyň döwri we eserleri, s.19)
Musulman jandarlara rehimli çemeleşse, Alla-da oňa merhemetli garar. Pygamberimiziň şu sözlerine gulak asalyň. Ol şeýle diýýär:
“Merhemet edenlere Alla-da merhemet eder. Siz ýer ýüzündäkilere merhemet ediň, goý, asmandakylaram size merhemet etsin.” (Ebu Dawud, Edeb, 66; Tirmizi, Birr, 16)