Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ene-atamyz bilen baglanyşykly wezipelerimiz

Beýik Allatagala mukaddes Gurhanda özüne ybadat etmegimizi buýruk berenden soňra, munuň yzyýany bilen ene-atany hormatlamagymyzy tabşyrypdyr. (Isra,23.) Hormatly pygamberimiz hem “Allatagalanyň huzurynda iň ýagşy amal näme?” diýlen soragy berene:
“Öz wagtynda okalan namaz, ene-ata edilen ýagşylyk we Alla ugrunda söweşmekdir” diýip jogap beripdir.( Buhary, K. Mewakitis-Salat, 5; Müslim, Iman, 36.)
Ene-atanyň hak-hukugyna tabyn bolmak, olara ýagşylyk etmek dinimizde iň esasy meseleleriň biridir. Şeýle hem diýmek bolar, ýagny bu dünýäde rahatlyga we ahyretde ebedi bagtlylyga gowuşmak ene-ata oňat seretmeklige, olary hoşal etmeklige baglydyr.
-    Çagalaryň öz ene-atasy bilen baglanyşykly wezipeleri gysgaça şulardyr:
Ene-ata güler ýüzli we süýji sözli bolmak,
-    Olaryň ýüzlerine gahar-gazaply görnüşde bakmazlyk,
-    Olary söz, hereket, iş bilen asla ynjytmazlyk, hatda “off” görnüşde närazylyk manysyndaky ümlügide ulanmazlyk,
-    Çagyran wagtlary ýanlaryna derrew barmak,
-    Olaryň tabşyrykdyr isleglerini (Alla garşy bolmaýan isleglerini) berjaý etmek,
-    Her bir işde olary hoşal etmek,
-    Olaryň ýanynda gaty ses bilen gürlemezlik,
-    Ýolda olaryň öňüne geçmezlik,
-    Ýaşaýyş bilen baglanyşykly kynçylyklary bar bolsa, olara geregiçe kömek etmek,
-    Hassalyk, garrylyk sebäpli, olar hyzmata mätäç bolsa, derrew we hoşallyk bilen hemaýat etmek.
Ene-ata aradan çykanyndan soňrada, olar bilen baglanyşykly käbir wezipelerimizde bardyr.
-    Olary ýatlap durmak,
-    Dogadyr, aýat-töwhir okamak,
-    Olar üçin haýyrly-sogaply iş etmek,
-    Wesýet eden bolsalar, olary ýerine salmak,
-    Olaryň dostlaryna, ýakynlaryna ýagşylyk etmek, olary gynandyryjy sözlerden we hereketlerden gaça durmak.
Beni Seleme taýpasyndan gelen bir adam pygamberimize:
“Eý, Resulalla! Ene-atam aradan çykandan soňra olara etjek ýagşylygym barmy?” diýip soran. Şonda pygamberimiz: “Hawa, bar: olar üçin Allatagaladan ötünç soramak, wesýetlerini we haýyşlaryny berjaý etmek, olaryň ýakyn garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna görme-görşe gitmek we olara hödür-kerem etmekdir”(Ebu Dawud, Edep, 129.) diýip jogap beripdir.