Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Watanymyza bolan wezipelerimiz

Üstünde ýaşaýan topraklarymyza watan diýilýär.
Dünýäde namys we abraýymyzy gorap, rahatlyk we parahatçylykly ýagdaýda ýaşamak diňe garaşsyz bir watana eýe bolmak bilen mümkindir.
Dini wezipelerimizi düzgüne laýyk berjaý etmegimizde ýene watanyň saýasynda mümkindir. Şol sebäpden dinimiz watanyň goralmagyna uly ähmiýet beripdir, watan söýgüsini imandan hasaplapdyr.
Watanymyz bilen baglanyşykly wezipeleriň başynda esgerlik (harby) gullugy durýar. Esgerlik gullugy milli gulluk bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde-de dini wezipedir. Musulman harby gullugyny berjaý etmek bilen watanyny duşmanlardan gorajak, gerek bolsa söweşip, watan ugrunda janyny gurban etjekdir.
Watan bilen baglanyşykly wezipämiz diňe ony gormak üçin janyňy gurban etmekden, harby gullugyňy berjaý etmekden ybarat däldir. Watanymyzyň galkynmasy we milletimiziň ösmegi üçin zerur bolan raýatlyk wezipelerinide berjaý etmek zerurdyr.