Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman ýalan aýtmaz

Ýalan munuň özi bir adamyň öz bilýäniniň tersini aýtmagy diýmekdir. Ýalançynyň içi başga, daşy başgadyr. Ol ikiýüzlüdir. Ýalançylaryň bolan jemgyýetinde ynsanlar biri-birine ynanmaz. Ynam, ylalaşyk we arkaýynlyk bolmadyk ýerde huzur we sazlaşykly ösüş bolmaz. Ýalançylyk musulmana gelişmeýän gaty ýaramaz häsiýetdir, ruhy hassalykdyr. Ýalançy bu dünýäde-de, ahyretde-de masgara bolar.
Pygamberimiz ýalançynyň ahyr barjak ýeriniň jähennemdigini şeýle beýan edipdir:
“Ýalandan gaçyň, çünki ýalan ýaramazlyga, ýamanlyga ugrukdyrar, ýaramazlyk we ýamanlyk bolsa jähenneme alyp barar. Adam ýalan aýdyp, ýalan aýdyp, ahyrynda Allanyň huzurynda ýalançylaryň sanawyna girer.” (Buhary, Mezalim, 3; Müslim, Birr, 15)