Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 14.Gybat

Uly günäleriň biri-de gybatdyr. Ebu Hureýräniň (r.a.) aýdyşyna görä, pygamberimiz:

-“Gybat näme bilýäňizmi?”-diýipdir.

-“Alla we pygamberi has gowy bilýändir” –diýipdirler. Şonda pygamberimiz:

-“Öz musulman doganyňyzyň (yzyndan) halamaýan zady bilen ony ýatlamaňyzdyr” –diýipdir. Şonda soňra egindeşler:

-“Doganymyzda ýatlaýan zadymyz hakykatdan hem bar bolsa, nätjek?”-diýipdirler. Onda pygamberimiz:

-“Eger diýen aýbyňyz doganyňyzda bar bolsa, onda ol gybat bolar, ýok bolsa onda ol töhmet, myjabat bolar” diýip jogap beripdir. (Müslim, Birr, 20; Ebu Dawud, Edeb, 40) Adamyň iň köp üns bermegi zerur bolan organlarynyň biri-de dilidir, muňa şübhe ýokdur.  Pygamberimiz:

“Adam käwagt manysyna düşünmän, aňyrsyna ýetmän, bir sözi aýdyp goýberer, şol sebäpli jähennemiň gündogary bilen günbatary arasyndaky uzaklykdan-da has uzaga düşer.” (Müslim, Zühd, 6) diýip, dilimize eýe çykmagymyz barada maslahat beripdir. Diliň ruhy taýdan zyýan ýetirýän ençeme hassalyklary bardyr. Bularyň biri-de gybatdyr. Gybat ýokardaky hadysda-da beýan edilişi ýaly, bir adamyň özi ýok wagty yzyndan onuň kemçiligini aýtmakdyr, ony has dartgynly ýagdaýa iteklemekdir. Bu kemçilik onuň daş görnüşi, tohum-tiji, ahlagy, özüni alyp barşy, egin-eşigi, dini bilen baglanyşykly bolup biler. Boýy gysgadyr, kakasy ýaramaz adamdyr, gepçidir, ýalançydyr, humarbazdyr, ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz ýaly.  Şeýle gep-gürrüňleri we şulara meňzeşleri din doganyň hakynda aýtmak gybatdyr we günädir.

Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Biriňiz beýlekiňiz hakynda gybat etmäň, siziň biriňiz ölen doganyňyzyň etini iýmek islärmi? Elbetde, mundan tisgindiňiz. Onda Allatagaladan gorkuň. Alla tobalary kabul eder, olara hemaýat berer, olary bagyşlar.” (Hujurat, 12) Ymam Gazaly gybatyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde öýke-kinäni görkezýär. Bir adam başga birine bolan öýke-kinesi sebäpli ony dartgynly ýagdaýa düşürmekden we onuň garşysyna bolgusyz gep-gürrüň aýtmakdan keýp alar –diýýär. Şoňa görä, musulman öýke-kine etmez, oňa gelişýän zat bagyşlamakdyr, hoşallyk bildirmekdir. Hezreti Äşe şeýle diýip gürrüň berýär: Men bir gün pygamberimize:

-“Eý, Allanyň resuly, Safiýäniň (bu hem pygamberimizň ýanýoldaşydy) bolşy, rowaýat edenleriń käbiri kelte boýly bolandygyny aýdyp, onuň boýy saňa ýeterlik bolar diýipdim. Şonda pygamberimiz maňa:

-“Äşe, şeýle bir söz aýtdyň welin, eger şu sözüň deňziň suwy bilen garyşsa, çakym çak bolsa, ol deňziň suwunyda bozardy.” Hezreti Äşe şeýle diýip gürrüň berýär: Ýene-de günleriň bir güni biriniň bolşuna, özüni alyp barşyna, onuň gep-gürrüňine öýkündim. Şonda pygamberimiz:

-“Ornuna maňa tutuş dünýäni berseler-de, bir ynsanyň halamajak nusgadaky öýkünmesini etmerin” (Ebu Dawud, Edeb, 40; Tirmizi, Birr, 20) diýipdir.  Pygamberimiz musulman dogany hakynda gybat edenleriň gaty elhenç ýagdaýda azapdyr ejir çekjekdigini habar beripdir we şeýle diýipdir: “Men Alla tarapyn magraç etdirilen gijäm bir kowmuň ýanyndan geçdim. Olar bakyrdan ýasalan dyrnaklary bilen öz ýüzlerini, göwüslerini soýýardylar. Şonda men:

-“Eý Jebraýyl, bular kim?”-diýip soradym.

-“Bular adamyň etlerini iýenler (gybat edenler), olaryň at-abraýyna we degnasyna zeper ýetirenler” –diýdi.”(Ebu Dawud, Edeb, 40) Gybat etmekligiň günä bolşy ýaly, edilen gybaty diňlemek-de günädir. Musulman öz din doganynyň gybaty edilýärkä, onuň at-abraýyna we degnasyna degilýärkä, onuň berjaý etmeli wezipesi onuň özüni almakdyr, oňa garşy çykmakdyr. Çünki bir musulmanyň gany, maly haram bolşy ýa-ly, onuň namysy-da haramdyr, ýagny her hili bagsylanmakdan goralýandyr.

Pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Bir adam din doganynyň at-abraýyna we degnasyna degilmeklige garşy çykyp, onuň öňüni alsa, Allatagala şol adamy kyýamat güni jähennemden uzaklaşdyrar.”(Tirmizi, Birr, 20) Gybat eden adam günäkärdir. Şol günäsinden halas bolmak üçin diňe toba etmek, Allatagaladan özüni bagyşlamagyny we günäsini geçme-gini dileg etmek ýeterlik däldir. Ol adam hem toba etmeli hem-de gybat eden din doganyna baryp, ondan ötünç soramaly. Diňe şeýle edilen halatynda bu günäden halas bolup biler.