Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 2.Adam öldürmek

Adam öldürmek-de uly günäleriň biri hasaplanylýar. Doglandan bäri adamyň eýe bolan birnäçe esasy hak-hukuklary bardyr. Bularyň iň esasylaryndan biri-de ýaşamaklyga bolan hukugydyr. Her bir adamyň ýaşamaga haky bardyr. Bu haky adamzada özüni ýaradan Allatagala beripdir. Alla-tagaladan başga hiç kimiň bu hakdan mahrum etmeklige jogapkärçiligi (haky) ýokdur. Muňa synanyşan adam, ýagny başga biriniň ýaşaýşyny ömürlik togtadan adam uly günä iş eder we Allatagalanyň azabyna sezewar bolar. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Hakly-hukukly bir sebäp bolmasa, Allatagalanyń haram eden janyna gyýmań.”(Isra,33) Başga bir aýatda bu mesele hakynda şeýle diýlipdir:

“Şeýle diý: “Geliň, Rabbyňyzyň size nämeleri haram edendigini okalyň. Oňa hiç bir zady şärik goşmaň, ata-enä ýagşylyk ediň, garyplyk gorkusy bilen çagalaryňyzy öldürmäň, siziňde, olaryňda rysgalyny biz bereris.Ýaramazlyklaryň görnüp duranyna-da, görünmän ýatanyna-da asla ýakynlaşmaň. Allatagalanyň gadagan eden adam öldürme işine nähak ýere baş goşmaň. Ynha, şu aýdylanlary Allatagala maslahat berdi, çakym çak bolsa, siz muňa düşünersiňiz.”(Enam, 151)

 Dinimiz adam öldürmekligi jenaýat işi diýip hasaplaýar. Mukaddes Gurhan bir adamy öldürmeklik bilen baglanyşykly günäni bütin ynsanlary öldürmek bilen deň hatarda goýýandygyny beýan edipdir (Maide, 5/32).  Kyýamat güni adamlar dünýäde amal edenleriniň hasabyny beren wagtynda, öňi bilen, bu mesele adam öldürmek boýunça soraga çekiljekdir. Bu hakynda pygamberimiz:

“Kyýamat gününde adamlaryň arasyndaky ilkinji maslahatlaşyljak mesele ganhorlyk, gan dawasydyr”(Buhary, Rikak, 48; Müslim, Kasame, 8) diýip belläpdir. Dinimiziň bäş sany esasy maksadynyň biri-de adamyň ýaşaýşyny we onyň saglygyny goramakdyr. Bu adamyň iň jogapkärli wezipeleriniň biridir. Şu sebäbe görä, adamyň özüni goramagy üçin öldürilen halatynda onuň şehit boljakdygy pygamberimiz tarapyndan ýörite beýan edilipdir. Bir adamyň başga birini nähak ýere öldürmeginiň uly günä hasap edilişi ýaly, adamyň özüni öldürmegi ýa-da janyna kast etmegi-de hut şonuň ýaly uly günädir. Bu hakynda pygamberimiz özüni öldüren adamlaryň görjek ejirdir azaplary hakynda şeýle diýip düşündiripdir: 

“Kimdir biri bir dagdan ýa-da beýik ýerden özüni aşaklygyna atyp, öz-özüni öldürse, onda jähennemiň ataşynda-da elmydama we yzygiderli görnüşde ýokardan aşaga oduň içine taşlanar. Kimdir biri awy, zäher içip, özüni heläklese, onda jähennemiň ataşynda-da elmydama we yzygiderli görnüşde ot (ataş) içip geçirer. Kimdir biri özüni demriň bir bölegi bilen öldürse, onda jähennemiň ataşynda-da elmydama we yzygiderli görnüşde pyçagy elinde garnyna urup oturmaly bolar.”( Buhary, Typ, 56) Adam dünýäde dürli kynçylyklara we agyr ýagdaýlara duçar bolup biler. Aşagyndan çykyp bilmejek wakalara sezewar bolmagy-da ahmal. Ýöne özüni ýitirmän, sabyr etmegi we Allatagala sygynyp ondan halas bolmaklygy dilemegi zerurdyr. Bu ýagdaý musulmanyň gaýra goýulmasyz işidir. Özüni ýitirip, ederini bilmän, özüni heläklemegi we şeýdip mundan halas bolaryn öýtmegi gaty ýalňyşdyr. Pygamberimiz ölüm bilen garrylykdan başga her bir derdiň dermanynyň, çäresiniň bardygyny beýan edipdir.Şonuň üçin musulman duçar bolan kynçylygyny we agyr ýagdaýyny sabyr edip, şükür edip, beýik Biribardan giňlik dilemeli, halas bolmaklygy özüni heläklemekden gözlemeli däldir.