Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 18. Ogrulyk we nähaklyk

Dinimize görä, adamyň ömri, ar-namysy ýaly, onuň mal-mülkide mukaddes hasaplanylýar we eldegrilmesizdir. Bir adamyň janyna dözmek, ar-namysyny depelemek nähili derejede günä bolsa, onuň zadyny, malyny elinden almak-da şonça derejede haramdyr we günädir. Nähak gazanç diýlende, akyla ogrulyk gelýär, ogrulykdan ele geçirilen gazanç gelýär. Al-hile bilen, aldamak bilen, talaňçylyk bilen, ýalan şaýatlyk bilen, para-peşgeş we şuňa meňzeş nädogry ýollar bilen başga   biriniň zadyny, mal-mülküni elinden almak-da ogrulygyň bir görnüşidir we haramdyr.

 Allatagala mukaddes Gurhanda şeýle diýipdir:

“Eý, möminler! Özara ylalaşyga esaslanýan söwda-satlyk harydy bolmasa, ondan beýleki zatlaryňyzy, mallaryňyzy batyl (nähak we haram bolan) ýollar bilen araňyzda iýmäň we özüňizi öldürmäň. Allatagalanyň size merhemet etjekdigine şübhe ýokdur.”(Nisa, 29) Pygamberimiz-de şeýle diýipdir:

“Kim nähak ýere bir toslama toslap, özüniňki bolmaýan zady özüniňki diýip hasaplamaga synanyşsa, ol bizden däldir. Ol özüniň jähennemdäki ýerine taýýarlyk görsün.” (Ibn Maje, Ahkam, 6) Dini taýdan ynanan bir adam hiç kimiň zadyna, malyna nähak ýere el uzatmaz. Mellekde, bagda we bakjada goňşularynyň serhedine göz gyzdyrmaz, oňa talaňçylyk etmez. Adamlaryň mülkünde bolan zatdan, maldan we toprakdan nähak ýere bir zat almak nähili derejede günä bolýan bolsa, jemgyýete, döwlete degişli emläkden zat almak hem şonuň ýaly derejede günädir. Sebäbi, munda tutuş milletiň, köpçüligiň we heniz kämil ýaşyna ýetmedik ýetimiň haky bardyr. Nähak ýoldan we ogrulykdan öz eýeçiligine zat, mal, haryt we toprak geçirenleriň kyýamat gününde jezalandyryljakdygy pygamberimiz tarapyndan beýan edilipdir. Onda şeýle diýilýär:

Kimde kim nähak ýol bilen başga birine degişli zady alsa, kyýamat gününde şol zat soýan ýeri bilen bilelikde ýedi esse ýere batyrylar.”( Buhary, Mezalim, 13; Müslim, Müsakat, 30)

“Bir adam nähak ýere başga biriniň ýerine, mellegine talaňçylyk etse, şol ýeriň ýedi essesi-de onuň boýnuna ýüklener.”(Buhary, Mezalim, 13; Müslim, Müsakat, 30) Aslynda musulman musulmanyň doganydyr, oňa zulum etmez, nähaklyk etmez. Bir gün jenaby Hakyň huzurynda onuň hasabatyny ber-jekdir, eden işleriniň jezasyny çekjekdir. Şonuň üçin pygamberimiz möminleri Allanyň huzuryna nähak gazanç bilen gul haky bilen gitmezligini maslahat berip, şeýle diýipdir:

“Bir adam din doganynyň ar-namysyna, degnasyna ýa-da mal-mülküne degen bolsa, altyn, kümüş tapylmaýan günden (kyýamat gününden) öň ondan halallyk alsyn, halallaşsyn. Bolmasa, eden nähaklygy möçberindäki ýagşylyklaryndan alnyp, hak eýsesine berler. Ýagşylygy ýok bolsa, hak eýesiniň günälerinden alnyp, nähaklyk edene ýüklener.”( Buhary, Mezalim, 10) Sebäbi, kyýamat güni her kime haky näme bolsa, şol hem beriljekdir, hiç kime nähaklyk etmejekdir.