Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 1.Şärik

Şärik Allatagala şärik goşmak, Alladan başga ylahynyň bolandygyna ynanmakdyr. Şärik diýlende, öňi bilen akyla gelýän düşünje budur. Bu manydaky şärik diňe bir günä däl, eýsem barypýatan gödeklikdir. Çünki, Alla birdir, biribardyr, meňzeşi we şärigi ýokdur. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Ylahyňyz ýeke-täk ylahydyr. Ondan başga ylahy, taňry ýokdur. Ol rahmandyr, rahymdyr.” (Bakara, 163) “Yhlas” süresinde-de: 

“Şeýle diý: Allatagala birdir, ol biribardyr, Alla sametdir. Ol dograndan hem, doglandan hem däldir. Hiç bir zat oňa deň-duşam, meňzeşem däldir.”(Yhlas süresi.) diýilýär.  Allatagala şärik goşan adam gaýtmyşym diýip toba etmese, Allatagala ony bagyşlamajakdygyny beýan edipdir. Bu babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Alla özüne şärik goşulmagyny elbetde bagyşlamaz, mundan başga zady dileýän adam üçin bagyşlar. Allatagala şärik goşan adam uly günäkär we töhmetçi hasap edilýär.”(Nisa, 48) Şärikligiň bir görnüşi-de Allatagala edilen ybadata başgasyny şärik etmek we ara birnäçe araçylary goşmakdyr. Ybadat diňe Allatagala üçin edilýär, onsoňam bu hak diňe onuň hakydyr. Ondan başga hiç kim ybadata hak gazanan däldir. Her gün okan bäş wagt namazyň her bir rekagatynda okaýan “Fatyha” süresinde:

“Eý Rabbymyz, ýeke-täk saňa ybadat edýäris we ýeke-täk senden hemaýat dileýäris” diýip, beýik biribaryň ybadat gullygyny berjaý edýäris. Pygamberimiz Allatagaladan başga ybadatyň mazmunyny özünde birleşdirýän sözden we hereketden gaça durmagymyz babatda bize ýörite habar beripdi we şonda şeýle diýip beýan edidi:

“Hristianlaryň Merýem ogly Isany öwüşleri ýaly, meni öwmäň. Meniňem Allatagalanyň guly bolandygyma şübhe ýokdur. Maňa Allatagalanyň guly we onuň ilçisi diýiň.”(Buhary, Enbiýa, 48) Bilnişi ýaly, hristianlar hezreti Isany taňry derejesine ýetirip öwüpdirler we onuň netijesinde-de çyzykdan çykyp, tas gödeklige çenli baryp ýetipdirler. Bu babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Edil ant içilen ýaly bir hakykat bardyr, ýagny Allatagala hökmany Merýem ogly mesihtir diýenler kapyr bolandyrlar. Aslynda Mesih “eý ysraýyl ogullary! Rabbym we Rabbyňyz bolan Allatagala gulluk ediň. Şuny hem asla ýatdan çykarmaň, kimde kim Allatagala şärik goşsa, onda hökmay suratda Biribar oňa jenneti haram eder, ondan soňra onuň orny ataşdyr, otdur; zalymlar üçin hemaýatçylar ýokdur” diýipdir.” (Maide, 72.) Hristianlaryň hezreti Isany (ýörite ýatlatmasyna garamazdan) taňrylyk derejesine çenli öwüp arşa çykarmalary olary ýaramazlyga, gödeklige alyp barandygy üçin, pygamberimiz bize ýatladyp, şeýle aýylganç ýalňyşlyga düşmezligimizi göz öňünde tutup, özüne “Allatagalanyň guly we ilçisi” diýilmegini ýeterlik hasapladyr. Munuň sebäbi hezreti Isanyň nusgasynda bolşy ýaly, pygamberde bolsa, bir adamy aşa derejede öwmek we oňa tagzym etmek (Alla saklasyn!) soňunda şäriklige, gödeklige alyp barar. Adam adamdyr we ol adam görnüşinde söýülmelidir we oňa adam görnüşinde hormat goýulmalydyr. Ýaradana edilmeli söýgüdir hormatyň meňzeş nusgasyny ýaradylana edäýseň, onda bu ýagdaý gaty uly ýalňyşlygyň üstünden elter. Bu hakda mukaddes Gurhanda:

“Adamlaryň käbiri Allatagaladan başgasyny Allatagala bilen deň hatarda goýýar we goldaýanlary tapyp, ony edil Allataga ýaly söýýärler. Iman edenler bolsa, diňe Allany söýýärler oňa hormat goýýarlar.” (Bakara, 165) diýlip, Allatagala goýulýan hormatdyr sarpanyň meňzeşini ýaradylanlaryň birine etmekligiň nädogry bolandygyn ýörite belläpdir. Butparazlarda Allany bilýärler we oňa ynanýarlar. Ýöne butlara özlerini Allatagala ýakynlaşdyrmak üçin we Allanyň huzurynda özlerine şypagatçy bolmagy üçin ybadatlaryny aýdýarlar. Allatagala ýakynlaşmak üçin haýsydyr gurala ýa-da serişdä zerurlyk ýokdur. Sebäbi Allatagala adam esasy gan damarynda-da ýakyndyr. Eýsem, adama şeýle ýakyn bolan beýik ýaradana gowuşmak üçin başga bir serişde gerekmi? Asla gerek däl. Munuň üçin ýekeje zat ýeterlikdir, ýagny adam Allatagalanyň iberen ahyrky pygamberi hezreti Muhammet Mustafa (s.a.s.) ynansyn, onuň sünnetini kabul edip, buýruklaryny ýerine salsyn, bolany şol. Bu ýoly bize mukaddes Gurhanda maslahat berýär:

“Şeýle diý: Eger Allatagalany söýýän bolsaňyz, onda maňa uyun, goý, Allatagala-da sizi söýsün we günäleriňizi bagyşlasyn. Allatagala gaty geçirimlidir we hemaýatkärdir.”(Aly Ymran, 31)Allanyň huzuryndaky şypagat hakynda aýdylanda bolsa, bu hem Allanyň rugsadyna baglydyr. Allatagala rugsat bermese, hiç kim onuň huzurynda şypagat tapyp bilmez. Bu babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Allanyň huzurynda özüniň rugsat beren adamlaryndan başgasynyň şypagaty peýda bermez.” (Sebe, 23) Bularyň bary şuny görkezýär: her bir işde Allatagala tarap ugrukmaly we onuň razy boljak işleri berjaý etmeli we ybadatda başgasyny oňa şärik etmeli däldir.

Şärikligiň başga bir görnüşi-de ikiýüzlülikdir, başgaça aýdylanda iki jahan owarrasydyr.

(nejatdin.de-webussanyň belligi:Terjimesiriýalyk il görsünlik... bolmaly, IKIÝÜZLILIGE mynapyklyk diýilýär.) Ikiýüzlülik munuň özi görnüş üçin, söz üçin ybadat etmek we haýyr işlemekdir. Şol adam şeýdip, Allatagala üçin berjaý edilmegi zerur bolan bir ybadat we haýyr bilen dünýewi bir girdeji gazanmagy maksat edinýändir. Ybadat diňe Allatagala üçin edilýändir we diňe onuň hakydyr. Başga adamlara görünjek bolup ybadatyň golaýyna gelmek gaty ýalňyşdyr. Bu hakda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Her kim Rabbyna gowuşmak isleýän bolsa, onda öňi bilen oňat iş etsin we Rabbysyna bolan gulluk we ybadat bilen hiç bir zady oňa şärik hökmünde goşmasyn.”(Kehf, 110) Adamlardan girdeji gazanmak üçin edilen ybadaty Allatagala asla kabul etmez we şunuň ýaly ybadaty hasaba-da almaz. Bu babatda pygamberimiz Allatagalanyň şeýle nusgadaky buýrugyny beýan edipdir:

“Men şärikleriň şäriginden halys bolanydyryn. Her kim özüniň amaldyr ybadatynda başga birini maňa şärik goşup, ikiýüzlülik etse, onda ony özüniň goşan şol şärigi bilen ýüzbe-ýüz taşlarys we eden işleriniň sogabyndanam mahrum ederis.” (Müslim, Zühd, 5) Pygamberimiz-de şeýle diýipdir:

“Kyýamet gününde hasap soraljak üç adamdan şehit düşeni Allatagalanyň huzuryna getirerler. Jenaby Hak-da oňa özüniň eçilen nygmatlaryny sanapdyr, ol hem şol nygmatlaryň bolandygy kabul edip bolşy ýaly aýdypdyr. Allatagala oňa:

-Bu nygmatlara derek sen näme iş bitirdiň? – diýip sorapdyr. Şonda ol:

-Seniň ugruňda söweşdim we gahrymanlarça wepat boldum- diýen. Onda Allatagala oňa:

-Ýalan aýdýarsyň, özüňe batyr diýsinler diýip söweşdiň, hökman şeýle diýendirler- diýipdir. Soňra berlen buýruga görä ýüzün süýrelip jähenneme atylypdyr. Ikinji hökmünde bilim alyp, ylym öwreden, Gurhan okan alymy getiripdirler. Allatagala oňa-da özüniň eçilen nygmatlaryny sanapdyr, ol hem şol nygmatlaryň bolandygy kabul edip bolşy ýaly aýdypdyr. Allatagala oňa:

-Bu nygmatlara derek sen näme iş bitirdiň? – diýip sorapdyr. Şonda şol adam:

-Ylym öwrendim, bilim öwretdim. Gurhan okadym- diýen. Onda Allatagala oňa-da:

-Ýalan aýdýarsyň, ylymy özüňe alym diýsinler diýip öwrendiň, Gurhany çeper okaýar diýsinler diýip okadyň, hökman şeýle diýendirler-diýipdir. Soňra berlen buýruga görä ol hem ýüzün süýrelip jähenneme atylypdyr. Üçünji hökmünde Allatagalanyň özüne ähli zady eçilen täjiri alyp gelipdirler. Allatagala oňa-da özüniň eçilen nygmatlaryny sanapdyr, ol hem şol nygmatlaryň bolandygy kabul edip bolşy ýaly aýdypdyr. Allatagala oňa:

-Bu nygmatlara derek sen näme iş bitirdiň? – diýip sorapdyr. Şonda täjir:

-Ähli serwetimi, mal-mülkümi seniň ýoluňa sarp etdim diýipdir. Onda Allatagala oňa-da:

-Ýalan aýdýarsyň, özüňe jomart, sahy diýsinler diýip sarp etdiň, hökman şeýle hem diýendirler- diýipdir. Soňra berlen buýruga görä ol hem ýüzün süýrelip jähenneme atylypdyr. ( Müslim, Imare, 43) Görnüşi ýaly, Allatagala daşyndan ybadat eden ýaly bolup görünýänleri ybadatlaryny kabul etmez we ikiýüzlüligi berk ýazgaryp, oňa gerekli bolan jezasynyda berjekdir.