Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 11. Ýetimiň malyny iýmek

Adamlaryň ýaşaýyş şertleri biri-birinden tapawutlydyr. Olaryň bir bölegi barly, beýleki bir bölegi-de garyp. Bir topary sagdyn, başga bir topary näsag, ýarawsyz. Bir tarapda maşgalada ylalaşykly ýaşaýyş, beýleki tarapda bolsa dawa-jenjel, sönen ojak, şeýle hem munda boýny bükük ýetimler bardyr.

Dinimiz jemgyýetiň agzalarynyň biri-birlerine goldaw bermeklerini maslahat beren halatynda maddy taýdan ýetmezçilikde bolan garyp-gasarlara göz-gulak bolmaklygymyzy, ýetimlere öz çagalarymyz ýaly gorap, olaryň oňat görnüşde bilim-terbiýe almaklaryna ünsi çekýär.

Pygamberimiz:

“Hala özüne degişli, hala-da başga birine degişli bolsun tapawudy ýok, bir ýetimi görüp oňa göz-gulak bolmaklygy gözegçilige alan adam bilen men jennetde edil şunuň ýalydyrys”(Müslim, Zühd, 2)diýip, süýem barmagy bilen orta barmagyny galdyryp görkezipdir. 

Ýetimler Allatagalanyň bize tabşyran amanatydyr. Olaryň enesi-de, atasy-da bizdiris. Olaryň bilimdir terbiýe berlip ulaldylmagy we jemgyýet üçin peýdaly adam bolup ýetişdirilmegi biziň wezipämizdir.

   Ýetimleriň diňe özlerini däl, eýsem olara degişli bolan zatlary-da goramak bize Allanyň tabşyrygydyr. Zatlarynyň zaýa bolmazlygy üçin hut öz malymyz ýaly gorajakdyrys we ösüp ulalanda bolsa özlerine tabşyrjakdyrys.

Bu mesele bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Kämillik ýaşyna ýetýänça ýetimiň malyna golaýlaşmaň. Meger ýagşy niýet we oňat maksat bilen bolsun-da, herne!” (Enam, 152)

Ýetimleriň zatlaryna, mallaryna ýaman niýet we maksat bilen ýanaşyp, olary öz zatlaryňyza goşup, ony iýenleriň üstüne uly günäniň ýüklenjekdigi hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Ýetimlere öz zatlaryny beriň, şonda oňadyny ýaramaz bilen çalşyrmaň. Zatlaryňyzy, mallaryňyzy olaryňka goşup iýmäň. Sebäbi bu uly günädir.” (Nisa, 2)

“Nähak ýere ýetimleriň zatlaryny, mallaryny iýenleriň garny ataşdan dolduryljakdygy şübhesizdir, şonsuz hem olar ýanyp duran oduň içine girjekdirler.”(Nisa, 10) Başga birine degişli bolan bir zady nähak ýere ele geçirip, iýmek, harjamak hem haramdyr hem-de günädir. Eger bu zat ýa-da mal öz malymyz, öz zadymyz ýaly goramaly we ulalanda özüne tabşyrmaly bolan ýetimlere degişli bolsa, onda ony nähak ýere öz zadymyza goşmak-da, iýmek-de uly günädir. Kämil musulmana ýaraşany beýle bir günäni etmezlikdir, özüni ataşyň ortasyna atmazlykdyr.