Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Alypsatarlykda hile

Alypsatarlykda hile – azyk önümlerini arzan alyp, gymmat satmak diýmekdir, başgaça aýdylanda, zatlary öňünden alyp, bahasy galýança saklamakdyr. Ymam Ebu Ýusufa görä, diňe iýmitlerde däl, eýsem ähli gündelik harytlarynda alypsatarlyk ýörgünlidir. Alypsatarlyk mekru iş bolup, onuň bilen meşgul bolan adam Allatagalanyň öňünde jogapkärdir. Alypsatarlyk nähak bolan bir gazanç ýoludyr. Alypsatarlykda kyrk günlük wagtyň anyklanmagy dünýäde ediljek işler sebäplidir. Bolmasa, halkyň zerurlygy bolan harydy az wagtlaýyn bolsa-da saklap halka zyýan beren adam günä gazanar hem-de ahyretde azap çekmeli bolar. Alypsatarlykda hile eden öz bähbidi üçin başga adamlara zyýan ýetiren we kynçylyga duçar eden, jemgyýetede nähaklyk eden adamdyr. Dogruçyllyk we ahlak düzgünleri bilen bir ýere sygyşmaýan, dini taýdan doganlyk-dostluga ters gelýän alypsatarlyk we halky soýmak musulmana asla gelişmeýän häsiýetdir, ýaramaz endikdir. Öz bähbidi üçin başgalarynyň zyýana sezawar bolmagyna garaşmak, nepil gazanç etmek üçin jemgyýetiň kynçylyk çekmegini arzuw etmek gaty ýaramaz häsiýetdir. Hormatly pygamberimiz bularyň iç dünýäsini şeýle düşündiripdir:

“Alypsatarlykda hile eden derejede ýaramaz adamdyr! Arzanlyk bolsa gynanar, gymmatçylyk bolsa begener.”(Mejmauz-Zewaid we Menbeul-Fewaid, j.4, s.101 (Hadysy Taberany aýdypdyr).)

Bir hadysda-da “Harydy bazara çykaran gazanar, saklap üýşürip goýan bolsa, näletlener” diýilýär.(Ibn Maje, Tijaret, 6.)

Pygamberimiziň şu aýdanlaryna hem üns bereliň: Ol şeýle diýipdir: “Kim alypsatarlykda hile etse, ol ýaramazdyr we günäkärdir.”(Müslim, Müsakat, 26; Tirmizi, Büýü, 40.)

“Kimde kim musulmanlaryň azyklaryndan alypsatarlykda hile etse, Allatagala ony heýwere keseline duçar eder we ony nähak ýoldan eden söwda işinde tozdurar.”(Ibn Maje, Tijaret, 6.)

“Kyrk günläp ymmatymyň azyklaryndan alypsatarlykda hile eden adam soňra şondan gazananyny sadaka hökmünde paýlasa-da, onuň bu sadakasy kabul edilmez.”(Ibn Asakir aýdypdyr.)

Haramdan saplanmak Para, humar, ogurlyk, aldaw-hile we nähaklyk ýaly dogry bolmaýan ýollar bilen haram gazanç eden adam puşman bolup, eýeçiligine geçiren haram malynyň günäsinden saplanmak islese, iki zady berjaý etmegi hökmanydyr: Birinjisi, haram bolan gazanjy eýeçiliginden çykarmak. Ikinjisi bolsa, toba edip, rehimdarlygy we hemaýaty ebedi bolan Allatagaladan ötünç soramakdyr. Haram bolan gazanjy eýeçiliginden çykarmak üçin edilmegi zerur bolan zat şudur, eger bilinýän bolsa, hak eýelerine, onuň eýeleri aradan çykan bolsa, onda onuň mirasdüşerlerine gaýtaryp bermekdir. Eger bular bilinmeýän bolsa, bilinmegi hem mümkin däl bolsa, onda hak eýeleriniň adyndan sadaka görnüşinde garyplara paýlamakdyr.