Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Atyr (Kolonya) ulanmak

Serhoşlyk beren içgileriň haram bolandygy ýokarda beýan edildi. Içilmegi haram bolan içgilerden şerabyň azyda, köp mukdary-da anyk görnüşde haram bolşy ýaly şol bir wagtyň özünde-de gaty erbetdir, hapadyr, endamyňa, egin-eşigiňe ýa-da namazlyga, namaz okalýan ýere degse, ýokaşsa, arassalanmazdan okalan namaz hakyky namaz bolmaz. Çünki, jenaby Hak mukaddes Gurhanda şeraby hapysa hökmünde häsiýetlendirýär (Maide, 5 / 90). Şerapdan başga sehoşlyk beren içgileriň hem içilmegi haram bolup, şerap ýaly dini taýdan gaty erbet hasaplanylýar. Ymamy Agzam çakyr we üzümden ýasalan içgilerden başga içgileriň bir mukdardan köpüsiniň egin-eşige degmesiniň namaza päsgel bermejekdigini belläpdir.( Serahsy, Mebsut, j.24, s.14 (Kitabul-Eşribe). Uly tefsirçi Elmalyly Hamdy Ýazar hem “Hak dini Gurhan dili” diýen tefsirinde Bakara süresiniň 219-njy aýatyny düşündirende şeýle diýýär: “Üzümden ýasalan şerabyň we beýleki içgileriň hemmesi ýaramazdyr. Beýlekileriniň hem ýaramaz bolmagy şübhelidir. Mysal üçin, üstüne şerap, şampan, arak, konýak dökülenler ýuwunmazdan namaz okamazlar. Ýöne üzüm çakyryndan ýasalmadyk spirt, piwo we beýleki serhoş ediji içgiler içilmän endama sürülmegi-de namaza päsgel berer diýilmez. Ebu Hanife hezretleri bu görnüşde şerapdan başga serhoş ediji içgileriň we onuň damjalarynyň haram bolmadygyna degişli garaýşy aýdypdyr.”) Netije hökmünde spirt we atyryň (kolonýanyň) içilmegi haramdyr. Ýöne ulanylmagy we alnyp satylmagy ýerlikli hasaplanylýar.