Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Süýtdeş doganlyk

Bir çaga iki ýaşyna çenli ejesinden başga bir aýaly emse, şol aýal onuň süýt emdiren ejesi we şol aýalyň emdirenleride süýtdeş doganlar bolýar. Mukaddes Gurhanda bu mesele hakynda şeýle diýilýär:

 “Sizi emdiren süýt ejeleriňiz-de size haramdyr.”( Nisa, 23.)

Süýtdeş doganlygyň berjaý edilmeginiň şertleri

a. Emen çaga iki ýaşyny geçmedik bolmalydyr.(Ebu Hanifä görä, emmekligiň möhleti otuz aýdyr. Bu möhletiň içinde berjaý edilen emme bilen süýtdeş doganlyk ýüze çykýar.)

Iki ýaşyndan soňky emmeleriň asyl manysy ýokdur.

b. Emdiren aýal bolmalydyr. Çaganyň bir erkegiň emjegini emmekligi bilen süýtdeş doganlyk bolmaz.

ç. Süýt agyz we burun ýoly bilen aşgazana barmalydyr. Gulaga ýa-da ýara damdyrylan ýa-da sanjym guraly bilen öňden ýa-da yzdan goýberilen süýdüň süýtdeşlik üçin baglanyşygy ýokdur. Süýdüň emjekden berilmegi bilen çüýşeden berilmeginiň arasynda o diýen bir tapawut ýokdur. Esasy zat haýsy ýol bilen bolsa bolsun, tapawudy ýok, süýdüň agyz ýa-da burun ýoly bilen aşgazana barmagydyr. Çaga emjegiň ujuny agzyna alyp, süýdüň aşgazana baryp barmandygy bilinmese, onda bu ýagdaýda süýtdeş doganlygy kesgitlemek mümkin bolmaýar.

d. Süýt başga bir zat bilen garyşdyrylmaly däldir. Süýt başga bir suwuklyk bilen garyşdyryljak bolsa, haýsysy köp mukdarda bolsa şol hasaba alynmalydyr. Süýt köp bolsa ýa-da deň bolsa onda süýt hökmünde hasaba alnar, eger goşulýan suwuklyk köp bolsa, onda süýtdeş doganlyk dogry bolmaz. Eger süýt bir nahara garyşdyryljak bolsa, munuň bilen hem süýtdeş doganlyk ýerlikli hasap edilmeýär. Emilen süýdüň mukdary az bolsun, köp bolsun, tapawudy ýok, hatda diňe bir gezek emdirilen bolsun, şonda-da süýtdeş doganlyk berjaý edilen hasaplanylýar.(Şafy we Hanbelilere görä süýdeş doganlygyň hakykata öwrülmegi üçin çaganyň iň azyndan bäş gezek emmegi şertdir. Bäşden az bolsa onda süýtdeş doganlyk ýerlikli bolmaýar.)

Süýt emmegiň asyl manysy

Süýt emmäniň asyl manysy käbir meselelerden başga neberäniň asyl manysy ýalydyr. Başgaça aýdylanda, bir adam neberesinden kim bilen öýlenip bilmeýän bolsa, süýt emme babatda-da olar bilen öýlenip bilmez. Pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Nebere boýunça haram bolanlar süýt emme babatda-da haram bolarlar.”( Buhary, Nikah, 20; Müslim, Nikah, 1.)

 Bu meselede esasy düzgün şudur: Emeniň özüni emdireniň neberesine, emdireniň bolsa özüni emeniň özine haramdyr. Şuňa görä, bir aýaly emen çaga emen aýalyň süýt enesi hasap edilýär. Bu aýalyň özünden öň we soň emdirjek ähli çagalary-da onuň süýtdeş dogany bolýar. Bir adam ejesi bilen aýal dogany we doganlary bilen öýlenip bilmeýşi ýaly, süýt ejesi, süýtdeş uýalary bilenem öýlenip bilmez. Ýöne bir adam çagasynyň süýt beren enesi, süýtdeş uýalary we süýtdeş daýzasy bilen öýlenip biler.

1.       Nikanyň hakyky bolmagynyň ýene bir şerti nika hakyky bolmaly däldir. (Düşnüksiz terjime: belki „nika muwakkat bolmaly däldir diýmek islenendir“ www.nejatdin.de)

“Muwakkat nika” (wagtlaýyn) bilen “muta nikasy” (gyrnak almak) belli bir wagt üçin bolup, hiç biri dogry däldir. Yslamdan öň şeýle görnüşli nika bardy. Pygamberimiz jemgyýetde ýaýraň bolan bu ýagdaýy käbir däp-dessurlardaky ýaly derrew aýyrman, käbir söweşlerde özüne edilen arzlara laýyklykda rugsat beripdir. Ýöne bu rugsat uzak wagtlap dowam etmändir. “Muta nikasy” tutuşlygyna köki damary bilen aýrylyp, gadagan edilipdir. Pygamberimiz bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýipdir:

“Eý adamlar! Men size aýallar bilen baglanyşykly “muta nikasyna” rugsat beripdim. Ýöne mundan beýläk Allatagala muny kyýamat gününe çenli haram etdi. Kimiň ýanynda şeýle aýallardan bir bar bolsa, onda derrew ony ibersin we olara beren zadyňyzyň hiç birini yzyna almaň.”(Müslim, Nikah, 3.)

Mundan başga-da Buharynyň Aly b.Ebu Talypdan (r.a.) aýdýan rowaýatyna görä, pygamberimiz Haýbar güni “muta nikasyny” we ulag üçin ulanylýan mallaryň etini iýmekligi gadagan edipdir.(Buhary, Megazy, 38.)

“Muta nikasynyň” haram bolandygy barada “şaýylardan” başga beýleki yslam alymlarynyň pikiri birmeňzeşdir. Aslynda öýlenmek birnäçe günlük jynsy islegleriň kanagatlandyrylmagyndan ybarat däldir. Ölenmek, maşgala gurmak, bu maşgalada erkinlige gowuşmak, nesliň sagdyn görnüşde köpelmegine we onuň dowamatyna goşant goşmakdan ybaratdyr. Beýle görnüşli ýokary derejedäki maksatlar “muta nikasynda” ýokdur. Şol sebäpli hem haram edilendir.

2.       Nika ylalaşygy şaýatsyz bolmaly däldir.

Nikada iň azyndan iki sany şaýadyň bolmagy hökmany şertleriň biridir. Şaýatsyz gyýylan nika hem ýalňyşdyr hem-de ýörginli däldir. Netije hökmünde öýlenmeklerine päsgel berýän bir ýagdaý bolmaýan aýal bilen erkegiň öz arzuw we islegleri bilen şaýatlaryň öňünde öýli-işikli bolandyklaryny beýan etmekleri bilen amala aşyrylýar, şeýlelikde esasy zerur bolan işler edilen hökmünde hasaplanylýar.