Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Eti iýilýän we eti iýilmeýän haýwanlar

a.       Diňe suwda ýaşaýan haýwanlar 

Suwda ýaşaýan haýwanlardan diňe balyklaryň görnüşleri halaldyr, beýlekileri bolsa haramdyr. Hanefiden beýleki messeplerde diňe suwda ýaşaýan her hili haýwan peýdalydyr. Ýöne suwda öz-özünden ölüp, suwuň ýüzüne arkan görnüşde çykan balyk öli hasaplanylýar we eti iýilmez.

b. Diňe gury ýerde ýaşaýan haýwanlar

Bularyň üç görnüşi bardyr:

Birinjisi: çekirtge, siňek, garynja, möý, ary, içýan we zäherli bolan beýleki mör-möjekler ýaly hiç hili gany bolmaýan haýwanlar. Bularyň çekirtgeden beýlekileri halal däldir. Sebäbi, bular adamyň inini dygladýan, endamyny tisgindirýän jandarlardyr.

Ikinjisi: ýylan, suwulgan, sakyrtga, gäne, bit we syçan ýaly mör-möjekler, kirpi, ýabany syçan, alaka ýaly akyjy gany bolmaýan haýwanlardyr. Bular hem zäherli hem-de adamyň inini dygladýan, endamyny tis-gindirýän jandar bolandygy hem-de pygamberimiz tarapyndan-da öldürilmegi buýruk berlendigi üçin iýilmegi haramdyr.

Bu hakynda pygamberimiz: “Zyýanly bolan bäş sany zat bardyr, bular çäkleriň daşynda-da, Haremde-de öldürilmelidir: ýylan, alaja garga, syçan, guduzlan it we çaýlak” diýip belläpdir.( Müslim, Haj, 9.)

Uçünjisi: Akyjy gany bolan haýwanlardyr. Bularyň hem iki görnüşi bardyr: öý haýwanlary we ýabany haýwanlar.  Öý haýwanlaryndan: düýe, sygyr, gäwmiş, goýun, geçi, towuk, gaz, ördek, gögerçin halaldyr. Gatyr bilen eşegiň eti haramdyr. Atyň eti halaldyr, ýöne mekrudyr. Munuň sebäbi, bu haýwan hem ulag hem-de uruşda ulanylýandygy üçindir.( Şafilere görä, gatyr eti haramdyr. Mälikilerde-de şeýle garaýyş bardyr.)

Itiň we samyryň eti haramdyr. Ýabany haýwanlardan: Kesgir dişleri bolan we başgalaryna howp salýan arslan, gaplaň, gurt (möjek), aýy, pil, maýmyn, bars we şagal ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň we awlamak üçin penjelerini ulanýan elguş, hüwi, bürgüt, akbaba ýaly guşlaryň etleri haramdyr. Kesgir dişleri we ýyrtyjy penjeleri bolan bu haýwanlardan başga keýik, ýabany sygyr, ýabany gulan ýaly haýwanlaryň eti halaldyr.

Towşanyň eti halaldyr. Munuň ýaly ýabany guşlardan ýyrtyjy penjeleri bolmaýan gögerçin, kepderi, olaryň görnüşleri bilen serçeler, durna we şoňa meňzeşler hem halaldyr.

ç. Ýerde-suwda ýaşaýan haýwanlar Gurbaga, pyşbaga, leňňeç, krokadil, suw köpegi we şuňa meňzeş haýwanlar bilen ýylan halal däldir. 

Eti iýilýän we usulyna görä soýulmagy zerur bolan haýwanlardan: Bogulyp ölen, bir zat bilen urlup ölen, ýokardan aşak gaçyp ölen, başga bir haýwan tarapyndan süsülip öldürilen haýwanlar iýilmeýär.