Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » GEÝINME

Egin-eşik adamyň bezegi we zynaty bolşy ýaly, ýaşaýyş üçin bir zerurlykdyr. Adam egin-eşigi edep ýerini örter, sowukdan we yssydan goranar. Yslamda owadanlyk we arassalyk esas bolandygy sebäpli musulmanyň arassa bolmagy aýratynam metjit ýaly üýşmeleň ýerlerine gidilende, iň oňat we owadan eşiklerini geýmegi dinimiziň maslahat beren hususlaryndandyr. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: 

“Eý Adam ogly! Her gezek metjide gideniňizde oňat egin-eşikleriňizi geýiň.”( Araf, 31.)

Pygamberimiz namaza çykanynda, köplenç gaty oňat eşiklerini geýerdi. Ol bu meselede şeýle diýipdir: “Allatagala öz beren nygmatynyň eserini gulunyň üstünde görmegi hasda halaýandyr.”( Mejmeuz-Zewad, j.5, s.312.)

 Ebu Hanife hem ýoldaşlaryna, iň oňat geýimlerini geýmegi maslahat ederdi we özem gowy eşiklerini geýerdi. Geýinmäniň iň azyndan edep ýerleriňi örtýändigine hiç hili şübhe bolup bilmez. Dinimizde erkekleriň we aýallaryň gözlerini haramdan saklamaklary we belli ýerlerini görkezmejek şekilde geýinmeleri talap edilipdir we bedeniň nirelerini ýapmalydygy belli edilipdir.

“Eý Muhammet! Mömin erkeklere aýt, olar gözlerini (harama) dikmesinler, gözügidijilik bilen bakmasynlar. Çünki, bu ýagdaý özleri üçin has arassalygyň we edepliligiň nusgasydyr. Şübhesiz, Allatagala olaryň edýän hereketlerinde hemişe habarlydyr. Musulman zenanalarada aýt, gözlerini gadagan edilen zatlardan başga tarapa öwürsünler, haýalaryny gorasynlar, bezeglerini adaty gözellikden üýtgetmesinler. Başatarlaryny eginlerine alsynlar.”(Nur, 30 – 31.)

Eý pygamber! Aýallaryna, gyzlaryna we musulman zenanalara aýt, goý, olar daşary çykan wagtynda, başyna başataryny, öýmesini, gyňajyny alsyn. Olaryň tanalyp, ynjydylmazlygy üçin iň amatlysyda şoldur. Allatagala köp zady bagyşlaýandyr we köplenç hemaýat edýändir.”(Ahzab, 59.)

Erkekler iň azyndan göbek bilen dyzçanagynyň aralygyny (dyzçanagy hem girýär) örtjek görnüşde geýinmelidirler. Zenanalara gelnen halatynda şeýle bolmalydyr: olaryň elleri, ýüzleri we aýaklaryndan başga bary ýeriniň örtülmegi gerekdir. Bu hakynda hezreti Äşäniň aýal dogany Esma ýukajyk bir eşik ge-ýip pygamberimiziň ýanyna geleninde, pygamberimiz ýüzi we elleri bilen yşarat edip:

“Eý Esma, kämillik ýaşyna gelen maşgalanyň şu we şundan başga bir ýeriniň görünmegi dogry bolmaz.” (Ebu Dawut, Libas, 31.)

Ýokardaky aýatlardan we hadyslardan yslam alymlary musulman aýal-gyzlarynyň namazda-da, beýleki wagtlarda-da bedenleriniň el, ýüz we aýaklaryndan başga ýerlerini öýlenmekligi ýerlikli bolup biljek nätanyş erkekleriň ýanynda açmazlygynyň hökmandygyny belläpdirler. Şol sebäpli, aýatlaryň ýüze çykanyndan bäri häzire çenli yslam ülkelerinde däp bolup dowam edip gelýär. Örtünmekden esasy maksat bedeniň örtülmegi zerur bolan ýerlerini basyrjak görnüşde geýinmekdir. Bu meselede ýörite bir egin-eşik nusgasy ýa-da görnüşi anyklanan däldir. Esasan howa ýagdaýlaryna, ýerli däp-dessurlara görä tapawutly bolup biler. Aýal-gyzlaryň örtünmegi onuň hak-hukuklarynyň we erkinliginiň daraldylmagy däl, eýsem tersine ýaramaz maksatly garaýyşlar bilen biynjalyk edilip, ynjydylmazlygyny maksat edinýändir. Dinimiz el we dil bilen musulmanlaryň ynjydylmazlygyny gadagan edişi ýaly, ýaramaz niýetli bakyşlar bilende rahatsyz edilmelerini halamaýar. Şol sebäpli, mukaddes Gurhanda, bir tarapdan, erkekleriň zenanalara ýiti-ýiti seretmek bilen olary rahatsyz etmezligi aýdylsa, beýleki tarapdan zenanalardan-da muňa pursat bermejek görnüşde geýinmekleri tabşyrylypdyr.