Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Är-aýal hukuklary

Nika - şol ylalaşygy baglaşan är-aýalyň üstüne birnäçe hukuklary we wezipeleri ýükleýär. Är-aýalyň garşylykly hak-hukuklary bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Erkekleriň öz maşgalalary boýunça hak-hukugynyň bolşy ýaly, aýallaryňda öz adamlary babatda hak-hukuklary bardyr. Şeýle hem erkekleriňki ep-esli derejede köpräkdir.” ( Bakara, 228.) Pygamberimiz hem şeýle diýipdir:

“Üns beriň, siziň aýallaryňyz babatda hak-hukugyňyz bar, aýallaryňyzyň-da siz üçin hak-hukuklary bardyr.” “Siziň aýallaryňyzyň babatdaky hak-hukugyňyz halamaýan adamlaryňyzy törde oturtmazlygyňyzy we halamaýan adamlaryň öýüňize girme-ine rugsat bermezligidir. Üns beriň, olaryň hem siz babatdaky hak-hukuklary geýim-gejim we azyk önümlerini oňat görnüşde üpjün etmegiňizdir.”(Tirmizi, Ryda, 11. )

a. Aýalyň hak-hukuklary

1. Mehir: (süýthaky) Öýlenme wagtynda erkegiň aýala töleýän ýa-da tölemäge mejbur bolan pul ýa-da mal diýmekdir, bu aýalyň hakydyr.

2. Napaga: Adamyň eklemeklige jogapkär bolan adamlaryny azyk, geýim-gejim we ýaşaýyş çykdajylary bilen üpjün etmek diýmekdir. Nika işi tamamlanýança, aýalyň napagasy, ýagny azyk, geýim-gejim we ýaşaýyş çykdajylary adatça adamsyna degişlidir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eneleriň iýmiti, azygy we geýim-gejimi oňat nusgada kakalara degişlidir.”(Bakara, 233.)

Adamsy boýnuna borç bolan aýalynyň napagasyny ýaşaýyş şertlerine amatly bolmalydyr. Mundan başgada barly bolan adamsynyň öz aýalyna hyzmatkär tutup, öý işlerini berjaý etdirmegi-de aýalyň hakydyr. 

b. Adamsynyň hak-hukuklary Erkegiň hak-hukuklary we aýalyňda wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1. Adamsyna hormat goýmak, onuň şerigatyň düzgünlerine laýyk gelýän isleglerini berjaý etmek, maşgalanyň abadançylygyny bozjak hereketlerden saklanmak.

2. Adamsyna mähriban bolup hormat goýmak we ýanýoldaşlyk wezipesini ýerine ýetirmek.

3. Maşgalanyň ar-namysyny goramak, adamsynyň öýüni we mal-mülküni aýawly saklamak, çykdajylary tygşytly tutmak we isripden, zaýaçylykdan goramak. Är-aýal garşylykly hak-hukuklaryna we wezipelerine raýat eden halatlarynda, hem özleri bagtly bolarlar hem-de şeýle bagtly ojakda önüp-ösjek çagalar ene-ata we jemgyýete hormatly bolup ýetişerler. Ençeme ýyllap dowam etjek bu birlik hemişe sazlaşykly we ylalaşykly dowam etmän biler. Käwagt biri-birleriniň öňünde kemçilikleri bolup biler. Sebäbi, ýalňyşsyz ýa-da kemçiliksiz bolan adam ýokdur. Her kimde bolup biler. Emma iň esasy zat ýagşy niýetli düşünişmekdir, ylalaşyga we agzybirlige dowam etmekdir. Bu babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: 

“Aýallar bilen oňat ylalaşykda boluň. Eger olary halamasaňyz, şuny bilip goýuň, ýagny Allatagalanyň siz üçin haýyrly we peýdaly etjek zadyny-da halaman bilersiňiz.”(Nisa, 19.) Ýanýoldaşlar biri-biriniň kemçiliklerine we kynçylyklaryna sabyr etmeli, ownuk-uşak meseleleri çişirip, peşeden pil ýasap, biynjalyga ýol açmaly däl. Ýanýoldaşlaryň gaýratlaryna garamazdan, maşgala abadançylygy ýola goýulmasa we maşgala ojagynyň ýykylma howpy abansa, onda edilmeli iş kazyýetlere ýüz tutmakdyr.

Bu mesele babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:  ٓ

“Eger är-aýalyň aralarynyň açylmagyndan gorksaňyz, erkegiň maşgalasyndan bir häkim we aýalyň maşgalasyndan bir häkim iberiň. Bular ýaraşdyrmak isleseler, Allatagala araçylyk üçin ýol tapar. Şübhesiz, Alla her bir zady bilen we her bir zatdan habardyr.”(Ebu Dawut, Talak, Hadys: №: 2178.)

Häkimleriň oňat niýetli gaýratlary netije bermese, onda soňky çäre aýrylyşmakdyr. Aýrylyşmak dini taýdan meşru bolmak bilen birlikde jenaby Hakyň halamadyk bir halallygydyr. Pygamberimiz şeýle diýip belläpdir: 

“Allatagalanyň gatynda halal bolan zatlaryň iň halanmaýany ýan-ýoldaşyndan aýrylandyr.”

“Saýy, sebäbi bolmazdan, adamsyndan aýrylyşmak isleýän aýala jennetiň hoşroý ysy haramdyr.”(Tirmizi, Talak, 11.)

Nika bilen baglanyşykly käbir meseleler

1.       Iki baýramyň arasyndaky nika

Käbir ýerlerde halkyň arasynda bir ynanç bardyr. Oraza baýramy bilen Gurban baýramynyň arasy göz öňünde tutulyp: “Iki baýramyň arasynda nika gyýylmaz” diýilýär. Bu sözüň dini esasy ýokdur. Bu ýalňyşlykdan, düşünişmezlikden emele gelendir. Şonuň üçin iki baýramyň arasynda toý etmekde we nika gyýmakda dini taýdan hiç hili päsgelçilik ýokdur. Hatda pygamberimiziň maşgalasy hezreti Äşäniň nikasy iki baýramyň arasynda Baýram aýynda gyýylypdyr.