Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Iýmitlerden we içilýän zatlardan halallar we haramlar

A)     1. Läş: 

Öz-özünden ölen haýwanyň maslygy. Boglan, göleren, daş, taýak we şuňa meňzeş zatlar bilen urlup öldürilen, ýokardan togalanyp gaýdan ýa-da başga haýwan tarapyndan şahy bilen süsülip ölen haýwanlar bilen möjekleriň iýip galdyran haýwanlaryda ölen haýwan hasaplanylýar we bularyň eti iýilmeýär. Ýöne ölmezden öň, damagy çalnan bolsa, onda onuň eti iýilýär.

2. Gan:

Düzgünine görä damagy çalnan haýwanyň bedenindäki ganyň köp bölegi ýere akýar. Şol akan gan iýilmeýär. Ýöne dalak we bagyr ýaly organlarda galan gan bolsa, akýan hasaplanylmaýandygy sebäpli, şolar bilen bilelikde iýilýär.

3. Doňuz eti: 

Ýokarda beýan edişimiz ýaly, Allatagala hapysa we zyýanly zatlary haram edipdir. Doňuzda bularyň biridir. Doňuz hapysa iýmitleri halaýandygy üçin bedeninde köp mukdarda mikrop bolýar. Bu mikroplaryň içinde öňi bilen trişin we tenýa mikroplary bardyr. Bular adamyň saglygy üçin örän howpludyr. Esasan häzirki zaman lukmançylygynda doňuz etiniň her klimatda, ylaýta-da, yssy bolan etraplarda adamyň saglygy üçin zyýanlydygy anyklanyldy. Doňuz etiniň haram edilmegi diňe bulardan ybarat däldir. Belki wagtyň gelmegi bilen öwrenjek sebäplerimiz hem bardyr. Hatda öwrenip bilmejek sebäplerimizem bolup biler. Ýöne şu tarapy welin anykdyr, ol hem jenaby Hakyň haram eden zadyň biz üçin zyýanlydygydyr.

4. Alladan başgasynyń adyna kesilen

  Her bir janly-jandary ýaradan-da, öldüren-de Alladyr. Haýwanlaryda adamlaryň peýdalanmagy üçin ýaradypdyr. Ynsan haýwanlaryň etinden we derisinden peýdalanmak üçin soýan mahalynda ýaradanyndan rugsat almagy zerurdyr. Ýaradanynyň ady agzap malyň damagyny çalmak ondan rugsat soramak diýmekdir. Ýöne ýatdan çykaryp “besmele” aýtmadyk bolsa, munuň o diýen zyýany ýokdur. Emma malyň damagyny çalýan wagty Alladan başgasynyň adyny tutjak bolsa, onda şol malyň eti iýilmez. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Läş, gan, doňuz eti, Alladan başgasynyň ady agzalyp damagy çalnan, boglan, urlup öldürilen, ýokardan aşak togalanyp ölen, süsülip öldürilen, möjekleriň iýen haýwanlary (ölmänkä ýetişilip, damagy çalnandan başgasy) dikilen daşlaryň (butlaryň) üstünde ölüdirilen haýwanlar we pal oklary bilen kysmat gözlemek size haram edilendir…”(Maide, 3.)

Ýokardaky ýazylanlardan başga iýilmegi halal we haram bolan gury ýer, deňiz haýwanlary bilen guşlar hakynda “Mal soýma” bölüminiň sanawyna seretmek bolar.

B) Içilýän zatlarda haram bolanlar 

1. Içgi: 

Içilen wagty az ýa-da köp serhoşluk beren içgiler. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eý iman edenler şerap, humar, dikilen daşlar (butlar), pal we (täleý) oklarynyň her biri bir şeýtan işidir, bulardan uzak duruň, şonda halas bolarsyňyz. Şeýtan içgide we humarda diňe araňyza duşmançylyk we kine sokmak; sizi Allany ýatlamakdan alyp galmak islär. Mundan beýläk bulary goýbolsun etdiňiz dälmi?”(Maide, 90–91.)

Aýatda diňe gadagan edilen şerap (hamr) bolsa-da pygamberimiz:

“Serhoşluk beren her zat şerapdyr we her bir şerap haramdyr” (Müslim, Eşribe, 7.) diýip, serhoşluk beren her içginiň şerap ýaly haramdygyny ýörite belläpdir. Mundan başga-da pygamberimiz:

“Köp mukdary serhoş eden zadyň azy-da haramdyr” (Tirmizi, Eşribe, 3; Ebu Dawut, Eşribe.)

diýip, serhoşlyk berýän zadyň az ýa-da köp bolmagynyň tapawudynyň ýokdugyny hem-de haramdygyny düşündiripdir.  Içgi haramdyr, sebäbi onuň örän köp zyýany bardyr. Içgi adamlaryň arasynda duşmanlyk we öýke kine döreder. Mukaddes Gurhanda içgi bilen humaryň zyýanlaryndan söz açylanda “Şeýtan içgide we humarda diňe araňyza duşmanlyk we öýke-kine döretmek, sizi Allany ýatlamakdan alyp galmak islär” diýilýär. Içgi adamyň akylyny başyndan alýar. Saglygyna erbet täsir edýär. Aşgazan we öýken ýaly iç organlary harap edip sandan çykarýar, saglyga uly howp döredýär. Ummasyz mukdarda jan we mal ýitgisine sebäp bolan we ençeme adamyň maýyp galmagyny üpjün edip bilýän tehniki heläkçilikleriň belli bir bölegi içgili ýagdaýda ulag sürmekden emele gelýär. Içgi nerw sistemasyny-da bozup, jenaýatçylyga baryp ýetýän dawalara ýol açýar. Içgi maşgala durmuşynyda durşuna ysgynsyz edip taşlaýar. Adamyň maşgala we çagalaryny ünsden düşürmegine, şol sebäpli boşanmaklyga çenli baryp ýetýän zarbany maşgalanyň depesinden inderip, ýaramazlyga sebäp bolýar.  Şonuň üçin pygamberimiz:

“Içgiden saklanyň. Çünki, ol bütin ýaramazlyklaryň enesidir” diýip belläpdir.(Jamül-Usul fi Ahadisir-Resul, s. 5, s. 103.)

Içgi bilen bejeriş Yslam alymlary içgini derman hökmünde-de ulanmaklygyň haramdygyny belläpdirler. Taryk b. Süweýd el-Jufi pygamberimize şerabyň manysyny soranmyş, şonda ol hem oňa şeraby gadagan edipdir. Şonda Taryk:

-Ýöne men ony diňe derman hökmünde ulanýaryn, ahyry- diýipdir. Onda pygamberimiz: “Ol derman däl, dertdir”(Müslim, Eşribe, 3.) diýip jogap beripdir.

Eger içgi we beýleki haram bolan zatlaryň keselleri berjekmekde peýdaly boljakdygy anyk bilinse, başga dermanda bolmasa, şol halatda haram bolan zat bilenem bejermeklik ýerlikli hasaplanýar.