Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Düşewünt salgydy (prosent) karz

3. Düşewünt salgydy (prosent) karz

Düşewünt salgydy birmeňzeş jynsdan bolan iki harydyň biri-biri bilen çalşylmagy baradaky gepleşikde bir tarap üçin kabul edilen öwezödemesi bolmaýan artykmaçlykdyr. 10 gr. altyny 11 gr. altyna satmak mysaly. Bu ýerde 1 gr. altyn öwezödemesi bolmaýan artykmaç girdejidir. Ynha, bu düşewünt salgydydyr. Düşewünt salgydy haramdyr. Düşewünt salgydynyň haram bolşy kitap, sünnet we ijma bilen berkidilendir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Düşewünt salgydyny iýen adamlar (gabyrlaryndan) edil arwah kakan ýaly bolup turarlar. Olaryň bu ýagdaýy “alyş-berişde düşewünt salgydy ýalydyr” diýmegidir. Eger şeýle bolýan bolsa, Allatagala alyş-berşi halal, düşewünt salgydyny bolsa haram edendir.”(Bakara, 275.)

“Eý iman edenler! Allatagala garşy çykmakdan çekiniň we hakyky musulman bolsaňyz, onda düşewünt salgydyny aýryň. Eger muny berjaý etmeseňiz, özüňizi Alla we onuň Resuly bilen söweşe giren hasaplaň. Eger toba etmekçi bolsaňyz, esasy pullar siziňki bolar. Şeýlelikde, siz ne başgalaryna nähaklyk edersiňiz, ne-de başgalary size nähaklyk eder.”( Bakara, 278, 279.)

Pygamberimizde şeýle diýipdir: “Heläk ediji ýedi ýeserden saklanyň.”  “Bular nämeler, eý Allanyň Resuly?” diýip soranlara: “Allatagala şärik goşmak, efsun urmak, jadylamak (Allanyň haram eden adamy) nähak ýere öldürmek, ýetimiň malyny iýmek, düşewünt salgydyny iýmek, duşmana hüjüm edilen wagtynda uruşdan gaçmak, musulman zenanlara zyna bilen baglanyşykly töhmet atmakdyr”( Buhary, Tyb; Müslim, Iman, 38; Ebu Dawut, Wesaýa.) diýip jogap beripdir.

 Düşewünt salgydynyň iki görnüşi bardyr:

a.       wadaly düşewünt salgydy (nesiye)

Bir jynsdan bolan iki zadyň birini beýlekisiniň bahasynda öwezödemesine satmak ýa-da jynslary tapawutly ýöne ölçegleri birmeňzeş bolan iki zatdan birini beýlekisiniň öwezi hökmünde çalyşmakdyr. Bu çalyşmada mukdarlaryň deň ýa-da tapawutly bolmagynyň arasynda tapawut ýokdur. Mysal üçin, bir adama bir ýyllyk wada bilen satylan 50 gr. altyny wada soňunda 55 gr. görnüşde almak ýa-da bir adama gyşda satylan bir kilo bugdaýy tomusda harman wagtynda bir ýarym kilo bugdaý görnüşinde almak mysaly. Ýene şunuň ýaly, bir adama gyşyna satylan bir kilo bugdaýyň öwezine tomus iki kilo arpa ýa-da gyşyna satylan iki kilo arpanyň öwezine tomus ýene iki kilo arpa almakda ýerlikli däldir, düşewünt salgydydyr. Mukaddes Gurhanda gadagan edilen düşewünt salgydy budur. Munuň haramdygy barada yslam alymlary pikirdeşdirler. Bu gepsiz-gürrüňsiz uly günäleriň biri hasaplanylýar. Yslamdan öň, jahyllyk döwründe bilinýän düşewünt salgydy şeýledi. Biri beýlekä altyn ýa-da kümüş, belli bir mukdar pul karz bererdi. Özara ylalaşan wada laýyklykda geçen wagt üçin belli bir mukdarda artykmaç pul tölejegini öňünden şert ederdi. Haýsydyr bir bergide wada gelen wagty borçly bergisini tölemejek bolsa, “berip biljek däl, salgyt essesini artdyr” diýerdi. Ýene munuň üstüne belli bir mukdar düşewünt salgydyny goşardy we netijede her wada täzelenen wagty berginiň mukdaryda artardy. Şeýlelikde, turuwbaşdaky esasy puluň bir ýa-da birnäçe essesine baryp ýeterdi.

b.      artykmaç düşewünt salgydy (bibel fadl)

Ölçegleri birmeňzeş bolan zatlary öz jynslary bilen nagt çalşyrylanda ele salnan artykmaçlykdyr. Altyn, kümüş, bugdaý, arpa, duz we hurma ýaly maddalar öz jynsyndan bolan zatlar bilen, mysal üçin, altyn altyn bilen, kümüş kümüş bilen, bugdaý bugdaý bilen, arpa arpa bilen, duz duz bilen we hurma hurma bilen nagt görnüşde çalşylanda mukdarlarynyň deň bolmagy zerurdyr. Bularyň biriniň mukdary köp bolsa, bu artykmaçlyk düşewünt salgydy bolar. Ýöne çalşyrylan düşewünt salgydy bilen baglanyşykly zatlaryň jynslary tapawutly bolsa, onda düşewünt salgydy bolmaýar. 10 gr. altynyň 100 gr. kümüş bahasynda nagt çalşyrylmagy mysaly. Bu mysalda ölçegleri deň bolsa-da, jynslary tapawutlydygy üçin artykmaçlyk düşewüntlik salgydy bolmaýar. Çalşylan zatlaryň täzesi ýa-da könesi, oňat hilli bilen ýaramaz hilliniň arasynda tapawut ýokdur. Oňat hilli bir bugdaý bilen ýaramaz hilli bugdaý çalşylan wagtynda hem deň bolmagy zerurdyr. Tersine bolsa artykmaçlyk düşewünt salgydy bolar. Altyn bilen altyn we kümüş bilen kümüş-de satylan wagtynda bulardaky zynata we hile seredilmeýär we gymmatlylygy göz öňünde tutulmaýar. Düşewünt salgydynyň bu görnüşide haramdyr. Munuň hem haramdygy sünnet bilen ylalaşyklydyr. Pygamberimiz beni Adyý el-Ensarynyň doganyny Haýbere häkim edip iberipdi. Ol Haýberden “jenip” diýlen oňat hilli hurmany sowgat getirip, pygamberimize hödürläpdir. Pygamberimiz: “Haýberiň ähli hurmalary şunuň ýalymy?”- diýip sorapdyr.

Şonda ol: “Ýok, Allanyň resuly, munuň bir çekimini iki çekim bilen, iki çekimini üç çekim hurma bilen alýarys”-diýdi.

Şonda pygamberimiz: “Beýle etmäň, ýönekeý hurmany pul bilen satyň, soňra-da şol pul bilen isledigiňçe, oňat hilli hurmany alyň”( Buhary, Buýu, 89; Müslim, Müsakat, 18.)- diýipdir.  Ýene bir gezek pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Altyn altyn bilen, kümüş kümüş bilen, bugdaý bugdaý bilen, arpa arpa bilen hurma hurma bilen we duz duz bilen agramyna agram we deň derejede nagt satylar. Emma bularyň jynslary üýtgese, onda isleýşiňiz ýaly satyň.”(Buhary, Buýu, 78; Müslim, Müsakat, 15.)

Hadysda sanalýan altyn, kümüş, bugdaý, arpa, hurma we duz ýaly mallarda düşewünt salgydy bolan halatynda messep ymamlary bir karara gelipdirler. Bulara deňeçer bahaly harytlarda-da düşewünt salgydy boljak-dygy barada bolsa (zahirilerden başga) dört sany messep ymamy pikirdeşdir. Diňe şäriklilik sebäpli tapawutly garaýyşlar bardyr. Hanefilere görä bir malda, harytda düşewünt salgydyň bolup bilmegi üçin iki sany sebäbiň bolmagy şertdir: jynsy (görnüşi) we ölçeg birligi. Bu iki sebäp aýratynlygy haýsy zatlarda bolsa bolsun, tapawudy ýok, nagt görnüşde satylanda artykmaçlygyň düşewünt bolşy ýaly, artykmaçlyk bolmasa-da öwezödeme satyş hem ýerlikli däldir. Mysal üçin, bir kilo bugdaýy nagt görnüşde bir ýarym kilo bugdaýa satmaklygyň haram bolşy ýaly, bir kilo bugdaýy ýene bir kilo bugdaý garşylygynda wadaly satmak hem haramdyr. Çünki pygamberimiz düşewünt salgydy bilen baglanyşykly zatlaryň deňderejede diňe nagt satylyp bilinjekdigini beýan edipdir.

Başga bir tarapdan bolsa demir, mis, hek daşy ýaly çalşygy çeküw bilen amal edilýän zatlaryň-da öz jynslary bilen nagt görnüşde dürli agyrlykda, öwezödeme hökmünde deň ýa-da tapawutly satmak-da düşewünt salgydy bolýar. (Şafilere görä, bir zatda düşewünt salgydy bolup bilmegi üçin zatda iki sany aýratynlyk sebäbi, “iýmit” ýa-da “semen” nusgaly birmeňzeş jynsdan bolýar. Şoňa görä demir, mermer, gurşun we mis ýaly maddalarda düşewünt salgydy bolmaz. Sebäbi bular iýmit-de däl, “semen” hem däldir.)

Iki sany aýratynlyk sebäbiniň hiç biri bolmasa-da nagt satyşda artykmaçlyk bolmadyk halatynda hem nesýede hem-de wadaly satyş halal bolar.

Mysal üçin agyrlyk ölçegine bagly altyny, deňme-deň ölçeginde bugdaýy nagt ýa-da nesýe görnüşinde satmak ýerliklidir. Çünki hem jynslary hem-de ölçeg birlikleri birmeňzeş däldir. Eger iki zadyň arasynda iki sany sebäpden diňe bir bolsa, onda nagt satyş ýerlikli bolsa-da, nesýe satyşy halal bolmaz. Mysal üçin, bir ölçeg bugdaýa derek iki ölçeg arpa nagt görnüşde satmak ýerliklidir. Şunuň ýaly birmeňzeş agyrlykdaky bir altyn iki esse agyrlygyndaky kümüşe derek satylyp bilner. Ýöne bularyň öwezödeme satyşy ýerlikli däldir. Bu iki nusgada-da jynslary tapawutly bolşy ýaly, ölçeg birlikleri-de birmeňzeşdir. Uzynlyk ölçegleri bilen ölçelýän we sanalýan harytlarda artykmaç düşewünt salgydy bolmaz. Mysal üçin, on ýumurtga on bäş ýumurtga bilen, bäş metr mata ýedi metr mata bilen nagt görnüşde çalşylyp biler. Biri-birine gaty meňzeş wadaly düşewünt salgydy bilen karz berme arasyndaky tapawut karzda wadanyň baglaýjy serişde hökmünde bolmazlygydyr. Ylalaşyga görä, bahasy belli bolan bir wada soňunda berilmek üçin alnan bir zadyň bahasyny wadadan öň algylynyň talap etme hukugynyň bolmaýşy ýaly, bergilide wadadan öň tölemäge mejbur däldir. Ýöne karzda beýle däldir, algyly islän wagty talap etmäge haky bardyr, bergili hem algynyň islegine görä tölemäge mejburdyr.