Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » NIKA

Medeni bir ylalaşyk bolan nika, bir tarapdan-da, ybadat hasaplanylýar. Sebäbi, maşgalany guran bag nikadyr. Maşgala bolsa dinimiz uly ähmiýet berýändir. Çünki, maşgala hem adamyň rahatlyk we arkaýynçylyk merkezi bolup, neberäniň dowam etmegi üçin hem bir ojakdyr, şonuň ýaly-da zyna ýaly şahsyýeti we jemgyýeti sandan çykarýan dürli ýaramazlygyň öňüni alýan guramadyr. Öýlenmek pygamberleriňde sünnetidir. Bir hadysda şeýle diýipdir: 

“Nika meniň sünnetimdir. Meniň sünnetimi berjaý etmeýän menden däldir. Öýleniň, men beýleki ymmatlara garanda siziň köplügiňize has guwanýaryn.”( Ibn Maje, Nikah, 1.)

Öýlenmäniň asyl manysy

Adamyň dini taýdan dogry bolmaýan gatnaşyklary etmezligi üçin öýlenmek wajypdyr, ýagny mejbury bir wezipedir. Muňa garşylyk maşgala haklaryna raýat edilmese we nähaklylyk edilse, bu mekrudyr. Bulardan başga ýagdaýlarda bolsa öýlenmek sünnetdir.

Nika we onuň hakyky bolmagynyň şertleri

Nika isleg we kabul bilen berjaý edilýär. Isleg – çatynjalardan biriniň meselem erkegiň aýala “seni ýanýoldaş hökmünde nikaladym” diýmegidir, kabul bolsa, aýalyň muňa jogap hökmünde “men hem saňa ýanýoldaş hökmünde saňa durmuşa çykmaga razylygy kabul etdim” diýen sözüdir.  Nikanyň hakyky bolmagy üçin gerekli şertler şulardyr:

1.       Aýal özi bilen durmuş gurmaklygy haram bolan aýalardan bolmaly däldir.

Özi bilen öýlenmek haram bolan aýallar şulardyr:

-Eje. Eje ýa-da kaka tarapyndan bolan garry eneler.

-Gyz, ogluň we gyzyň çagalary, ýagny agtyklar.

-Aýal dogan, ejeke, gyz we erkek doganyň gyzlary.

-Daýza, ýagny ejäniň aýal dogany.

- Gyzyň ejesi, ýagny gaýnene.

-Öweý gyz. Özi bilen goş birikdiren aýalyň başga adamdan bolan gyzy.

-Ogluň maşgalasy, ýagny gelin.

-Ýeňňe, baldyz. Iki aýaldoganyň biri-biri bilen öýli-işikli bolan, boşanmadan ýa-da adamsy ölmezden baldyzy bilen öýlenmez.

Durmuşa çykan aýal. Aýrylmadan ýa-da adamsy aradan çykmadan başga biri bilen öýlenmez.

-Buta, oda, ýyldyza çokynýanlar. Kitaba ynanýanlara gelsek, ýagny hristian we jöhitler barada aýdylanda bolsa, bularyň aýallary bilen öýlenmek ýerliklidir. Ýöne musulman aýallaryň jöhit bilende, hristian bilende, gysgaçasy musulman bolmaýanlar bilen öýlenmegi ýa-da durmuş gurmagy ýerlikli hasap edilmeýär.

-Süýtdeş eje.

-Süýtdeş aýaldogan, ejeke.