Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » ORGAN OTURTMA

Yslam dini adamzadyň ýaşaýşyna uly ähmiýet beripdir, ömrüň dowamaty üçin ençeme çäreler ýola goýupdyr, gymmatly maslahatlary beýan edipdir. Hormata mynasyp barlyk bolan ynsany beýik Allatagala barlyklaryň içinde saýlama we abraýly görnüşde ýaradypdyr. Şoňa görä isle sag bolsun, hala-da öli bolsun, tapawudy ýok, adamyň bedeniniň böleklerinden alnyp, bähbit üçin satylmagy, başga birine oturdylmagy, aradan çykan adamy böleklere bölüp, dogan-garyndaşlarynda gynanç döredilmegi dogry hereket däldir. Şonuň ýaly-da, munuň özi ynsanyň hormaty, abraýy bilen bir ýere sygyşmaýar. Ýöne çykgynsyz ýagdaýa düşülende, onda gep başgadyr. Bejermek maksady bilen aradan çykan adamyň jesedinden alnan organyň ýa-da beden teniniň bir hassanyň saglygyny dikeltmek şerti bilen peýdalanylmagy ölene edepsizlik däl, eýsem tersine bu hereket organy alnan ölä bolan hormat duýgusyna sebäpdir.  Bu hakynda yslam alymlary garnynda janly bolan çaganyň halas edilmegi üçin ýogalan enäniň içiniň kesilmegini zerur hasaplapdyrlar.(Fetwa el-Hindiýýe, j.5, s.360.)

Mukaddes Gurhanda ölen haýwan, doňuz, gan we şerap ýaly zatlaryň iýlip-içilmegi gadagan edilipdir. Ýöne zerurlyk ýagdaýynda çäklendirilen derejede peýdalanmaklyga rugsat berlipdir. “Bakara” süresiniň 173-nji aýatynda şeýle diýilýär: “Allatagala size diňe ölüni (läşi), gany, doňuz etini we Allatagalanyň başgasynyň adyna aýdylany haram etdi. Kimde kim bularyň birini iýmäge mejbur galsa, hiç kime zorluk etmezden, bir mukdar iýilmeginde günä ýokdur. Şübhe ýokdur, Allatagala köp zady bagyşlaýandyr, köplere hemaýat edendendir.” “Enam” süresiniň 119-njy aýatynda haram edilen zatlardan mejbury galynan halatynda peýdalanyp bilinjekdigi beýan edilipdir. Dini taýdan iýlip-içilmegi haram bolan zatlaryň adamzat durmuşyna, saglygyna howp abananda, zerurlyk üçin peýdalanyp bilinjekdigi aýatlaryň ikisindende anyk düşnüklidir. Yslam alymlary adamzat durmuşyny gyzyklandyrýan zerurlyklaryň ýüze çykmagy we bularyň başga ýollar bilen giderilmegine mümkinçilik bolmadyk halatynda-da haram bolan zatlardan geregiçe peýdalanmagyň ýerlikli boljakdygy baradaky netijä gelipdirler.(Newewi el-Mejmu. j.3, 137–138; Haşiýetuş-Şirwany ala Tuhfetil-Muhtaç, j.2, s.125-126.)

Bu mesele kitaplarda-da “Zerurlyklar haram bolan zatlary-da halala öwrer” görnüşde nusga alarly mysala öwrülipdir. Kitabyň we sünnetiň ýüze çykaran esasy ýörelgeler we bularyň esasynda düzülen düzgünnamalar we kada-kanunlar bejeriş ulgamynyň bir bölegi hasaplanylýan organ oturtma işiniň ýerlikligini görkezýär. Bu babatda lukmançylygyň häzirki zaman derejesine ýetmedik döwürlerinde başga ýol bilen bejerip bolmaýan adamlaryň döwlen süňkleriniň ýerine başgalaryna degişli süňkleriň otur-dylmagyny ýerlikli hasap eden yslam alymlarynyň bu garaýyşlary organ oturtma we ynsan saglygyny bejeriş meselesinde aýdyň ýol görkezýär. Organ oturtma barada Geňeş we dini eserler boýunça derňew guramasynyň 1960-njy ýylyň 25-nji oktýabryndaky 492-nji kararynda şeýle diýilýär: “Bir ýarala ýa-da hassa bejeriş maksady bilen başga biriniň ganynyň berilmegi ýa-da bir körüň görüp bilmegi üçin ölen adamyň gözüniň alnyp, oňa oturdylmagy dini taýdan ýerlikli bolup bolmadygy baradaky mesele Göz bankasy guramasy tarapyndan edilen haýyşyň netijesi guramamyzda ara alnyp maslahatlaşyldy:

1. Gurhanyň aýatlarynyň beýanyndan hem belli bolşy ýaly, yslam dininde adam saglygyň goralmagy üçin haram zatlaryň çäkli derejede iýilmegi we içilmegi ýerlikli hasaplanylýar, şoňa görä bir hassanyň ýa-da ýaralynyň bejerilmegi gany bolan jandarlardan alnyp, şol ganyň beriljek gana birmeňzeş nusgada bolan ýagdaýynda ony berjaý etmekde päsgelçiligiň bolmajakdygy;

2. Bir kör adamyň görüp bilmegi üçin ölen adamyň eden wesýetine laýyklykda gözleri oňa oturdyljak bolsa, munuň ýerine salynmagy baradaky meselede yslam fykyh alymlarynyň käbiriniň “aradan çykan bir adamyň süňklerinden bir böleginiň şol süňke mätäç bolan diri adama oturdylmagy” barada-da umumy görnüşde bir päsgelçiligiň bolmajakdygy baradaky karary ady agzalan gurama jogap hökmünde habar berildi. 25.10.1960.”

Yslam alymlary açlyk we suwsuzlyk ýaly hassalygy-da haramy ha-lala öwren ýagdaý hasapladyrlar. Başga zatlar bilen bejerişi mümkin bolmaýan hassalaryň haram bolan derman we maddalar bilen bejermegi ýerlikli görüdirler.(Fetawa el-Hndiýýe, j.5, s.355; Reddul-Muhtar aleddüril-Muhtar, j.5, s.383.)

Häzirki wagtda gan berme, deri çalşyrma we organ oturtma hem bejeriş ýollarynyň biridir. Bu ugurda başarnykly netijeler alnandygyda anykdyr. Beýle bolsa, adamyň saglygyny ýa-da onuň saglygy bir baglanyşykly bolan bir organyny halas etmek üçin başga çäre tapylmadyk ýagdaýynda belli şertlere esaslanyp, gan, deri we organ oturtmak ýoly bilen bejeriş ýerliklidir. Deri we organ oturtmak işiniň hakyky bolup bilmegi üçin esaslanylmagy zerur şertler şulardan ybaratdyr:

1. Zerurlyk ýagdaýynyň bolmagy şertdir. Hassanyň saglagyny ýa-da saglygy bilen baglanyşykly bir organyny halas etmek üçin başga çäresiniň ýokdugy tejribeli, ynamly lukman tarapyndan anyklanylmagy şertdir.

2. Keseliň deri we organ oturtma bilen bejerip biljekdigine degişli lukmanyň berk ynanjynyň bolmagy şertdir.

3. Bu işiň berjaý edilýän döwründe organy alnan adamyň aradan çykan bolmagy şertdir.

4. Alynjak organyň öwezi üçin pul tölenilmezligi şertdir.

5. Organ alynjak adamyň saglygynda, ölmezinden öň rugsat beren bolmaklygy-da ýa-da garaşylmadyk ýagdaýda ýogalan bolsa, onda garyndaşlaryndan razylygyň alynmagy şertdir.

6. Bejeriljek hassanyň hem organ oturtma işine razylyk bermegi şertdir.