Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » AHYRETE IMAN Ahyret diýmek näme?

Imanyň alty şertinden birisi-de ahyrete imandyr.

Ahyret diýmek näme?

Alladan başga her bir zadyň soňy bardyr. Dünýäniňde bir gün soňy geljekdir, ol hem janlylar ýaly bir gün ýok boljakdyr. Hiç haçan ýa-da asla ölmejek, baky galjak diňe ýeke-täk Alladyr.  Dünýäniň soňy, “ahyret güni” diýen wagt gelende, Allatagala Israfyl aleýhissalama buýruk berjekdir, ol hem "Sur" diýlen surnaýyny çaljakdyr. Şonda ýer deprenip, bütin janly-jandarlar öljekdir. Ýöne diňe Allanyň islän zatlary galjakdyr, olar hem soňra ýene öljekdir. Mukaddes Gurhanda kyýamat güni hakynda şeýle beýan edilýär:

“Eý ynsanlar, Rabbyňyza garşy gelmkden gorkuň. Çünki kyýamat gününiň sarsyntysy örän aýylganç bir zatdyr. Ony gören günüňiz emdirýän aýal özüniň emdirip duran perzendinden geçer. Her bir göwreli aýal çagasyny düşürer. Ynsanlary serhoş, aňy giden bir beýhuş ýagdaýda görjeksiň. Ýöne aslynda olar serhoş däldir, ýöne Allanyň azaby örän güýçlüdir.”( Haç: 1-2)