Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Allanyň sypatlary

Allatagala sypatlary bilen bilner we tanalar. Mukaddes Gurhan Allanyň sypatlaryny beýan edýändir. Çünki, Allanyň aslyna göz ýetirip, akyla sygdyrmagymyz asla mümkin däldir. Şol sebäpli hem Alla bu babatda bize jogapkärçilik ýükländir. Allanyň sypatlary barlygyna (zaty) we başarnygyna (subuty) görä iki bölekden ybaratdyr.

Olaryň alty sanysy barlygynyň sypatlary (zaty sypatlar), sekiz sanysy-da başarnygynyň sypatlary (subuty sypatlar) bolup, jemi 14 sanydyr.

Barlygynyň sypatlary (Zaty sypatlar): Barlyk (Wüjud), Gadymy-lyk (Kidem), Bakylyk (Beka), Biribarlyk (Wahdaniýet), Meňzeşi bolmazlyk (Muhalefetün lil-hawadis), Özlük (Kyýam binefsihi).

Başarnygynyň sypatlary (Subuty sypatlar): Dirilik (Haýat), Ylmylyk (Ilim), Duýgurlyk (Semi), Görgürlik (Basar), Erklilik (Irade), Gudratlylyk (Kudret), Söz aýdyjylyk, geplemeklik (Kelam), Ýaradanlyk-dyr (Tewkin).

Bularyň gysgaça düşündirişi şeýledir:  Zaty sypatlar Barlyk (Wujud): Bar bolmak diýmekdir. Alla bardyr we onuň barlygy asly üçin zerurlykdyr. Şol sebäpli Jenab-y Haka “Wajibul-wujud” diýilýändir. Alla bar bolmak we barlygyny dowam etdirmek bilen birlikde ol hiçbir zada mätäç däldir.  Gadymylyk (Kidem): Alla gadymydyr, ýagny barlygynyň başlangyjy ýokdur. Şu wagt ýokdy, şundan soňra bar boldy diýilmez. Barlygynyň başlangyjy bolan bizdiris. Alla bolsa hiç zat ýok wagty-da, ol ýene bardy. Bakylyk (Beka): Allanyň barlygynyň soňy bolmazlygydyr. Meselem, biz belli bir wagtdan soň ýok boljakdyrys. Alladan başga her bir zadyň barlygynyň soňy geljekdir. Alla bolsa hiç ölmejekdir, hemişelikdir, bakydyr, islendik wagt hem bar boljakdyr. Bu barada mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Allanyň aslyndan başga her bir zat heläk boljakdyr. Höküm onuňkydyr we siz diňe oňa gaytaryljaksyňyz.”(Kasas: 88) Biribarlyk (Wahdaniýet): Alla birdir. Mukaddes Gurhanyň iň gysga süreleriniň biri bolan Ihlas süresinde şeýle diýilýär:

“(Eý Muhammet!) şeýle diý: “Ol Alladyr, ýeke-täk birdir.” Alla sametdir; (her zat oňa mätäçdir, ol bolsa hiçbir zada mätäç däldir). Ondan perzent bolmandyr (ol hiç kimiň atasy däldir). Onuň özi-de doglan däldir (hiç kimiň perzendi däldir). Hiçbir zat oňa deň däldir, taýy, meňzeşi ýokdur.” (Ihlas süresi:1/4). Alla aslynda birdir, bölegi we parçasy ýokdur, sypatlarynda birdir, taýy, meňzeşi ýokdur, işlerinde birdir, işdeş ýoldaşy, şärigi ýokdur, onuň bäsdeşi ýokdur. Şonuň üçinem ol Biribardyr.

Meňzeşı bolmazlyk (Muhalefetün Lil-hawadis): Soňradan bolan zatlara meňzemezlik diýmekdir. Ol her bir zadynda deňsiz-taýsyzdyr, meňzeşi ýokdur. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Alla hiç hili zada meňzemez. Ol eşidendir we görendir.”(Şura: 11) Özlük, gaýymlyk (Kıyam Binefihi): Alla öz-özünden bolan asly barlygy bilen gaýymdyr. Barlygy aslynyň zerurlygy bolup, öz-özündendir, başgasyndan däldir. Subuty sypatlar Allanyň başarnygynyň sypatlary şulardyr: Dirilik (Haýat): Alla hakyky we gadymy ýaşaýyş bilen hemişe diridir. Her bir janly-jandara ol ýaşaýyş, ömür berýändir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Alla- özünden başga taňry bolmaýan, diri we islän wagty ýaradanlaryny görüp, oňa gözegçilik edendir.”(Bakara: 255 )

Ylmylyk (Ilim):Bilmek diýmekdir. Alla ýerde, gökde bolan zatlaryň baryny biler. Hatda adamlaryň göwünlerindäki zatlary-da biler. Onuň bilmeýän we bilmejek zady ýokdur. Tebigat we tebigatda bolan hiçbir zat ýok wagtynda-da olaryň baryny, nädip we haçan boljagyny biler.

Duýgurlyk (Semi): Eşitmek, duýmak diýmekdir. Alla her bir zady uzak ýa-da ýakyn diýmezden eşider. Hatda içimizden pyşyrdanymyzy-da duýar. Eşitmek, duýmak üçin onuň gulaga zerurlygy ýokdur. 

Görgürlik (Basar): Görmek diýmekdir. Alla her bir zady görer. Şol zadyň uzakda ýa-da ýakynda bolmagy bilen bilelikde açyk, ýapyk, garaňky, ýagty, uly ýa-da kiçi zat bolsun, hiç tapawudy ýok, islän zadyny görer. Biziň nirede we näme etdigimize çenli her bir zady görer. Görmek üçin biziňki ýaly göreje mätäçligi ýokdur.

Erklilik (Irade): Allanyň islemegi diýmekdir. Alla islär we isledigini berjaý eder. Islän zadyny öz erkine edip bilmekde kynçylyk çekmeýşi ýaly, bir hemaýatça-da hiç wagt mätäç däldir. Bu mesele bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Alla bir zady islän halatynda, onuň buýrugy diňe şol zada (bol!) diýdigi besdir, derrew bolar.”(Ýasyn: 82)

Gudratlylyk (Kudret): Güýç ýetirmek diýmekdir.Allanyň her bir zada güýji ýeter. Güýji ýetmeýän, kynçylyk çekýän hiç zady ýokdur.

Söz aýdyjylyk, geplemeklik (Kelam): Geplemek, söz aýtmak diýmekdir. Alla harpdyr sese mätäç bolmazdan geplär. Mukaddes Gurhan we beýleki semawy kitaplar onuň sözüdir. Allatagala pygamberlere we perişdelere islaýan zadyny aýdandyr we habar berendir.

Ýaradanlyk (Tekwin): Ýaratmak diýmekdir. Tebigaty we tebigat-daky bütin barlyklary ýaradan we ýaşadan hem-de iýmitlendirip ýetişdiren, ösdüren oldur. Ondan başga ýaradyjy ýokdur, şonuň üçin “Ýaradan” diýilýändir.

Ynha, şular Jenab-y Hakyň sypatlary bolup, bu sypatlary bilen Alla bilner we tanalar. Alla ynanmak diýmek bu sypatlaryň, Allanyň asly bilen gaýym bolandyklaryna ynanmak diýmekdir.