Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Mukaddes Gurhanyň aýratynlyklary

Sözlükde “okamak” diýen many aňladýan Gurhan “Alla tarapyndan pygamberimize inderilen , pygamberimizden başlap hem nesillerden nesle, dilden dile geçen, sahypalara ýazylan ylahy-dini bir kitapdyr”diýip düşündilipdir.  Bu düşündirilişe görä, mukaddes Gurhanyň aýratynlyklary şulardyr:

1.       Gurhan pygamberimize iberlendir

Mukaddes Gurhan Alla tarapyndan Jebraýyl diýen perişdäniň araçylygy bilen pygamberimize arap dilinde iberilen bir kitapdyr. Allanyň sözüdir. Onuň dil babatdan kämilligine ýetmek mümkin däldir. Bu ýagdaý onuň ylahy-dini bolandygyny kabul etmeýän arap edebiýatçylary tarapyndan hem kabul edilendir. Şonuň üçin hem Gurhanyň Allanyň sözi bolandygyndan ikirjiňlenýänler onuň kiçijik bir bölüminiň meňzeş nusgasyny emele getitmek üçin synanyşyga çagyrylandyrlar. Mukaddes Gurhanda bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýilýär:

“Eger gulumyza inderenlerimizden sähelçe şübhe edýän bolsaňyz, hany onda onuň meňzeş bir süresini getirmäge synanyşyň, eger düşünjäňizde dogrudyryn diýseňiz, Alladan başga medetkärleriňizide çagyryň.”( Bakara: 23)

Gurhanyň ilkinji gezek inen ýyllarynda birnäçe adam bu çagyryşa eýerip, onuň haýsy hem bolsa bir bölüminiň meňzeş nusgasyny orta goýmak üçin çalşan bolsalarda bolman, ejiz gelipdiler.

2.       Dilden-dile geçmek ýoly (tewatür) bilen gelip ýetendir

Mukaddes Gurhanyň Allanyň sözi bolandygyna şübhe bolmaýşy ýaly, pygamberimize iberilşi dek hiç hili üýtgedilmän, hut bolşy ýaly biziň gün-lerimize dilden-dile, agyzdan-agza geçip gelendigine-de asla şübhe ýokdur. Tewatür diýmek ýalan babatda birleşmekleri adatça mümkin bolmaýan bir üýşmeleňiň (toparyň) geçirmegi diýmekdir. Mukaddes Gurhan pygamberimizden başlap nesilden nesle geçirilip, hut şol ýol bilen bize çenli gelip ýetirdir. Beýle özboluşlylyk Gurhandan başga hiçbir kitaba nesip bolmandyr.

3.       Gurhan sahypa görnüşde ýazylandyr

Mukaddes Gurhan, ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, süre-süre, aýat-aýat inendir, iberlendir. Inen aýatlar hem ýatdan tutulypdyr hem-de ýazylypdyr. Ýazylanlar soňra özara birleşdirilip, sahypa görnüşine getirilipdir. Bu hem Gurhanyň ýörite aýratynlyklarynyň biridir. 

4.       Gurhanyň manysy ýaly labyzy hem ylahydyr

Mukaddes Gurhan hemmetaraplaýyn bir täsinlikdir. Diňe bir manysy babatda däl, eýsem labyzlylygy jähtdende örän üýtgeşikdir. Çünki, ol Hz. Muhammediň öz sözi bolman, Allanyň sözüdir. Şoňa görä-de, hiç bir adamyň onuň meňzeş nusgasyny orta goýup, ýüze çykarmagy asla mümkin däldir. Bu bolmajak zatdyr. Onsoňam bu mesele babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Şeýle diýip aýtgyn, ant bolsun, Gurhana meňzeş başga bir nusgany orta goýmak üçin ynsanlardyr jynlaryň bary üýşüp, bir ýere jemlenseler-de, biri-birini götergiläp goldasalar-da, onuň nusgasyny asla emele getirip bilmezler.”(Isra: 88)  Hatda, şol döwürlerde garabaşyna gaý bolup, şunça çabalanmalaryna garamazdan, mukaddes Gurhanyň gysgajyk bir süresiniňde meňzeş nusgasyny emele getirip bilen däldirler. Mundan beýläk-de boljak däldir. Çünki, ol Allanyň sözüdir. Şeýlelikde, mukaddes Gurhanyň diňe bir many babatyndan däl, eýsem şol manylary ajaýyp ses bilen beýän eden sözler (labyzlar) jähtinden-de uly bir täsinlikdigi düşnüklidir.