Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Ylahy dinler we olaryň aýratynlyklary

“Ylahy din” ýa-da “Hak dini” diýlen halatynda, biz nämä düşünýäris? Ilki şuny öwreneliň: Hak dini – bir pygamberiň Alladan wahyý ýoly bilen alan we ynsanlara jar eden ynanç kada-kanunlarydyr dessurlary diýmekdir. Muna “Hak dini” diýlişi ýaly, “Ylahy din” ýa-da “Semawy din” hem diýilýär. Mundan beýleki dinlere bolsa batyl dinler diýilýär.
Hak dinini batyl dinlerden tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklary şuraldyr:
1. Hak dinlerini Allanyň bellän pygamberleri ýaýradypdyrlar.
 2. Hak dini deňi-taýy bolmadyk, Biribar bolan Alla ynanmak we diňe oňa ybadat etmek esasyna daýanýar.
3. Ölenden soňra direlmeklige we bu dünýäde edilen her bir zadyň hasabynyň Alla tarapyndan soraljagyna ynanmaklygy talap edýär.
4. Dogruçyllyk, amanata aýawly garamak ýaly ýokary derejedäki häsiýetlere eýe bolan pygamberleriň Alladan wahyý esasynda alan çagyryşlaryny ynsanlara habar berendigine ynanmagy hökmanydyr.
5. Alla tarapyndan iberilen we pygamberler tarapyndan-da jar edilip ýayradylan mukaddes bir kitaba esaslanýar.
6. Perişdelere iman etmeklige hak dinlerinde bir esas hökmünde orun berilýär.
7. Hak dinlerinde orun berlen esaslar bilen ylym we arasynda çakynyşyga ýol açýan tarap ýokdur.
8. Hak dinleriniň maksady adamlaryň arasynda deňligi, dostlugy, adalaty ýola goýmakdan we adamzady bagtdyr eşrete ýetirmekden ybaratdyr.