Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Yslam dini we beýleki dinler

Hak dinleriniň, başgaça aýdanymyzda semawy dinleriň iň soňkusy yslam dinidir. Bu dini jar edip ýaýradan iň soňky pygamber Hz. Muhammetdir (s.a.s.), onuň kitaby keramatly Gurhandyr.
Yslam dini ilkinji ynsan we birinji pygamber bolan Adam atanyň jar edip ýaýradan yeke Täklik dini (tewhid dini) bilen semawy dinleriň bir dowamydyr, olaryň iň soňkusy we örän kämilleşenidir. Mukaddes Gurhanda orun alan ynanç esaslary nähili bolsa, birinji pygamberiň ýaýradan çagyryşynyň ynanç esaslary hem şoňa meňzeşdi. Mukaddes Gurhandan öň iberilen kitaplarda-da bu esaslara ýer berlipdir.
Yslamdan öňki semawy dinler aslynda esaslaryna görä bir bolsalarda, bular wagtyň geçmegi bilen özgerişlere sezewar bolup bozulypdyrlar.
Ynha, şol sebäpli soňky pygamber Hz. Muhammet (s.a.s.) Alla tarapyndan iň ahyrky hem-de iň uly ýolbelet hökmünde ýörite wezipä bellenilipdir.