Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Biribarlyk andy (Kelime-i tewhid) we Şaýatlyk andy (Ke-lime-i şehadet)

Biribarlyk andy:

لآ اِلَهَ اِلّا اللّهُ مُحَمَّدٌ رَسُوُل اللّهِ

 

"Alladan başga taňry ýokdur, Biribardyr. Hezreti Muhammet Allanyň resulydyr (pygamberidir).” diýen sözleridir. Munuň manysy yslam dininiň ynanç esaslaryny tutuşlygyna gurşap aljak çemesi örän giňdir. Allanyň barlygyna we ondan başga ybadat ediljek taňrynyň ýokdugyna we Alla tarapyndan iberilen her bir zadyň hakykatdygyna ynanmakdyr. Hz. Muhammediň pygamberdigini kabul etmegem, onuň habar bereni anyk görnüşde bilnen zatlaryň dogrulygyna ynanmak diýmekdir. Şonuň üçin Biribarlyk andy (Kelime-i Tewhid) ýürekdäki, içiňdäki imanyň daşardaky alamaty, nyşany hasaplanylýandyr.

Ýene-de Şaýatlyk andy (Kelime-i Şehadet) bardyr, olam şudur:

اشْهَدُ انْ لّآ اِلهَ اِلَّا اللّهُ وَحْدَه لَا شَرِيْكَ لَه، وَ اَشْهَدُ اَنَّ مُحَمَّدً اعَبْدُهوَرَسُولُه

"Alladan başga taňrynyň ýokdugyna, onuň birdigine, diňe biribarlygyna hem-de Hezreti Muhammediň Allanyň guludygyna we resulydygyna, pygamberidigine şaýatlyk edýärin." Bularyň birini dili bilen aýdyp, tüýs ýürekden tassyk eden adam iman eden we musulman adyna abraýyna eýe bolan hasaplanylýar.