Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » DIN WE DINE BOLAN YNANÇ

 Din näme? “Din – öz akylynyň we düşünjesiniň eýesi bolan ynsanlary meýletin, öz isleglerine görä, gowulyga, dogry hakykata we ajaýyp eşrete ýetirýän ylahy-ynanjyň kanunydyr.” Diniň bu kesgitlemesinden biz şulary öwrenýäris:
1. Diniň gurujysy, onuň düýbüni tutan Alladyr. Bu ynamdarlygyň esasyna görä, Alladan başga hiç kimiň din gurmaga haky ýokdur.
2. Diniň diňleýjisi akyl eýeleridir, ýagny diniň düzgünlerine diňe akylly-başly, aňy ýerinde bolan adamlar jogapkärdir.
3. Din pygamber tarapyndan getirilip, onuň ýolbaşçylygynda halka ýaýradylandyr. Alla pygamberlere din bilen baglanyşykly kada-kanunlary habar weripdir, olar hem ony adamlara ýetiripdirler.
4. Diniň maksady ynsanlary bu dünýäde we ahyretde eşretli, bagtly etmekdir. Çünki, din - adamzadyň ýaradylyşyndaky maksadyny, ýaradylanlarıň ýaradanyň öňündäki jogapkärçiligini düşündirer. Ýagşy bilen ýamany biri-birinden tapawutlandyrar. Oňa ýagşy zatlara ýetmekligiň ýollaryny salgy berer. Şeýlelik bilen adamyň bu dünýäde we ahyretde eşretli bolmagyny ýola goýar.
Din käbir adamlaryň düşünişi ýaly, ýönekeý wyjdany bir kanagatdan ybarat däldir. Diniň asyl maksady ynsany ruhy we ahlak babatdan kämillige ýetirmekdir.  Dine bolan mätäçlik Ynsan – şahsyýet hökmünde-de, jemgyýet hökmünde-de dine mätäçdir. Hz. Adem (a.s) Ilkidurmuş adamlaryndan başlap, şu günki tehnikany döreden adamlara çenli, iň gadym taryhdan we döwrebap eýýama çenli din duýgusyny özünde birleşdirmeýän jemgyýete duş gelnen däldir. Çünki:
1. Adam iki sany gurluşdan ybaratdyr: ruh we beden. Olar hil taýdanbiri-birinden aýry bolsalar hem, şeýle bir jebislikdedirler welin, hut ruh bolmasa, bedeniň işe ýaramaýşy ýaly, bedensiz ruhuňda manysy ýokdur. “Baş bolmasa, göwre läş” diýlenine meňzeşdir. Şol bir wagtyň özünde olaryň ikisiniň hem ep-esli derejede isleg-arzuwlary bardyr. Adam özüniň hem bedeni, hem-de ruhy bilen baglanyşykly mätäçligidir höwesini asla ýatdan çykarmaz. Bu jähtden, ynsan bedeni babatdan ýaşaýşyny kanagatlandyrmak üçin öňi bilen iýmitdir azyga we howplardan goranmak üçinem bir ýaşaýyş jaýyna mätäç bolşy ýaly, ruhy taýdan hem ruhubelentlik güýjüni berýän çeşmä mätäçdir. Adam maddy älemde özüne möhüm bolan üpjünçiligi tutuşlygyna, doly bir görnüşde tapyp bilmeýşi ýaly, akylydyr düşünjeside bu zerurlygy kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däldir.  
Ynsanyň esasy bir gurluşyny emele getirýän ruhuň isleglerini berjaý edip biljek hem-de onuň gaýgy-gamlaryny böwüsmäge kömek edip biljek zat ol hem onuň Alla we ebedi ýaşaýşa ynanmagydyr. Bu ynanç bolmasa, ruhuň islegleridir arzuwlary asla başa barmaz.
Ruh bolsa islegdir arzuwlaryň mekanydyr, onuň bu mekanynyň çägi ýokdur, ummasyz köpdür. Adam sözüň hakyky manysynda bagta-eşrete diňe ruhuň hetdi bar hasaby ýok görnüşindäki islegleriniň kanagatlandyrylmagy bilen ýetip biler. Ynsanyň çäkli bolan gysga ömri bolsa muňa ýetmez. Şoňa görä onuň tükeniksiz bolan bu arzuwlaryny amala aşyrjak we özüni bagtly-eşretli etjek bolan zat hem onuň bakylyga (ebedi ýaşaýşa) ynanmagydyr. Pany bolmadyk we soňsuz baky bolan bir ýaşaýşa ugrukmaýan ruhda hakyky bagtdyr eşret ýokdur. Bu hem diňe Alla we ebedi ýaşaýşa ynanmaklyk bilen amala aşyrylar. Muny bize öwreden hem dindir. Şeýlelikde, adamyň bagtlylykdyr eşretliligini diňe din ýola goýup biler.
2. Adamzadyň ýaşaýşy bir giden göreşlerden ybaratdyr. Ynsan bu göreşlerde hemişe ýeniji bolup durmaýar. Bütin maddy sebäpleri deňäp gören halatynda-da käwagt özüniň öňündäki päsgelçiligin geçip bilmeýär. Şeýle ýagdaýa sezewar bolan adam öz güýjünden has üstün bolan adatdan daşary bir güýjüň barlygyna ynanmajak bolaýan halatynda ýagdaýynda sussypeslige düşer, hatda öz janyna kast edip biler. Ýöne tükeniksiz güýç-kuwwatyň eýesi bolan ägirt uly bir ýardana ynanýan adam bolsa duş gelen päsgelçilikdir kynçylyklaryň öňünde çöke düşüp, umydyny ýitirmän, ylahy-ynanç gudratynyň ägirtligini bilip ruhdan düşmeýänlere hemişe kömegiň geljekdigine göz ýetirip, Oňa sygynar, özüni elden bermez. Şeýlelikde, gündelik durmuşymyzda-da uly daýanjyň dindigine anyk göz ýetirmek mümkindir.
3. Ynsanyň ruhy taýdan kämilleşip, ruhubelent bolmagy onuň ýaradylyşynyň bir zerurlygydyr. Bu diňe ýokary derejedäki ahlaklylyk bilen gazanylar. Ahlaklylygyň üstünligi bolsa dini duýgy-düşünjeler bilen kämilleşdirilýär. Ynsan Alla söýgüsinden we dini duýgudan mahrum bolan halatynda, adamkärçiligiň ençeme aýratynlyklaryny ýitiren hasaplanylar. Alla ynanmaýan we jogapkärçilik duýgusy bolmaýan bir adamda ahlak üs-tünliginiň bolmajagy öz-özünden düşnüklidir. Çünki, ýokary derejedäki ahlagyň çeşmesi dindir.
Jemläp aýdanymyzda, haýsy tarapdan seredilse seredilsin, tapawudy ýok, din ynsan üçin zerur bolan mätäçlikdir. Maddy taýdan üpjünçiligi neneňsi derejede kanagatlandyrylan bolsa bolsun, ruhy taýdan zerurlygy ýola goýulmadyk, üpjün edilmedik bir adam durmuşda arzuw eden eşretini tapmaz.
Ynançsyzlygyň adam üçin uly bir howpdygyna hiç hili şübhe bolup bilmez. Şeýle ýagdaýdaky bir adam maddy äleminde özüni heläkçilige salan wakalaryň öňünde daýanç sütünini ýitiren diýmekdir. Baky ýaşaýşa, ahyret ömre ynanmadygy üçin bütin gaýraty dünýäniň geldi-geçer keýpleri boljakdyr, olara eýe bolmak üçin bolsa hiç hili ölçeg bilmejekdir. Haçanda bolsa bir gün bu dünýäniň geldi-geçer zowky-sapalaryndan aýryljagyna we ýok bolup gitjegine göz ýetiren halatynda alňasajakdyr, biynjalyk bolup keýpi gaçjakdyr.
4. Bir şahsyýet hökmünde adama din neneňsi derejede zerur bolsa, hut jemgyýet üçin hem edil şonuň ýaly zerurdyr.
Adamlar üýşmeleň ýagdaýynda, köpçülikleýin görnüşde ýaşaýarlar. Bu ýagdaý olaryň ýaradylyşyndaky bir özboluşly aýratynlygydyr. Hiç kimiň ýeke-täk özbaşyna maddy zerurlyklaryny üpjün etmeklige güýji ýetmez.
Köpçülikleýin görnüşde ýaşaýan ynsanlaryň biri-birleriniň öňünde bir topar hak-hukuklary hem-de wezipeleri bardyr. Jemgyýetçiligiň dowamaty şahsyýetleriň biri-birleriniň öňünde durýan wezipelerini ýerine ýetiren ýagdaýynda mümkin bolup biler. Bir adamyň beýleki ynsanlaryň hak-hukuklaryna hormat goýmagy, onuň wezepedir hak-hukugyň mukaddesdigine ynanmagyna baglydyr. Çünki, ynsan köplenç has köp derejedäki arzuwlarynyň täsiri bilen şahsy bähbitlerinden başga zady pikir edip bilmez. Şonuň üçin adamy beýleki ynsanlaryň öňündäki wezipelerini ýerine ýetirmäge we olaryň hak-hukuklaryna hormat goýmaga mejbur edip biljek we eýeçilik gözi bilen garadyp biljek zada mätäçligi bardyr. Ol hem dindir.
Hut şonuň üçinem köpçülikleýin ýaşamaga mejbur bolan ynsanlaryň biri-birleriniň öňündäki jogapkärçiliklerini berjaý etmekligi ýola goýýan ahlak düzgünlerine eýermekleri gutulgysyzdyr. Jemgyýeti emele getirýän şahsyýetleriň arasynda sagdyn görnüşdäki agzybirligi emele getirip biljek ýeke-täk esas hem ahlak üstünligidir. Haçanda bir jemgyýetiň bütin ynsanlary arassa ahlaga eýe bolan halatynda, onda olar biri-birlerine hemişe hormat goýarlar, şeýlelikde-de adamlaryň arasynda agzybirlik we jebislilik ýola goýlar, tutuş jemgyýet bagtyýar bolar.
Şonuň üçin hem jemgyýetçilik durmuşy babatdan şeýle ähmiýetli bolan ahlak üçin sagdyn bir esasa, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyryp biljek hakyky bir ölçege mätäçlik bardyr. Ynha, şolam dindir.