Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Dini kitaplar we sahypalar

Alla ýaradan ynsanyny başy boş, işsiz taşlamaz, bu dünýäde we ahyretde bagtly bolmaklygyny üpjün etjek ýollary pygamberleriň arada durmagy bilen görkezipdir. Pygamberlerde wahyý ýoly bilen Alladan alanlaryny üýtgewsiz jar edip ýaýradypdyrlar. Pygamberleriň Alla tarapyndan getirenleri ylahy we semawy kitaplary düzüpdir. Alla tarapyndan pygamberlere iberlen kitaplardan käbirleri birnäçe sahypadan ybarat bolan kiçijik kitaplardyr. Bu kitaplara sahypalar diýen many berýän “Suhuf”, beýlekilerine hem dört kitap diýilýär.

Sahypalar: 10 sahypa, Adam aleýhissalama, 50 sahypa, Şit aleýhissalama, 30 sahypa, Idris aleýhissalama, 10 sahypa, Ybarýym aleýhissalama iberlipdir. Bu gün bu sahypalardan hiçbir hem ýokdur.

Uly kitaplar: Zebur, Dawut aleýhissalama, Töwrat, Musa aleýhissalama, Injil, Isa aleýhissalama, Mukaddes Gurhan bolsa Muhammet aleýhissalama iberlipdir. Bu kitaplarda Dawut aleýhissalama iberlen Zeburdan birnäçe Mizmar (süre) galypdyr, beýlekileri ýitipdir.