Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Öleniňden soňra direlmek

Kyýamat gopandan soňra hemme zat ýok boljakdyr, Alladan başga hiç-bir janly-jandar galjak däldir. Älem belli bir wagtlap gugaryp boş galanyndan soňra, Alla emri bilen Israfyl aleýhis-salamy ýaratjakdyr, oňa "surnaýy" ikinji gezek çalmaga rugsat ediljekdir. Israfyl aleýhis-salam ikinji sapar “surnaýy” çalanynda, bütin janly-jandarlar gaýtadan direljekdir, gabyrlaryndan turup, "magşar" diýlen meýdanda ýygnanjakdyrlar. Muňa “öleniňden soňra direlmek” diýilýär. Hasap, sorag, mizan, syrat, jennet we jähennem mundan soňra başlanýar. Ynha, bu gaýtadan direliş bilen başlaýan we hemişelik dowam etjek zamana “Ahyret güni” diýilýär. Ahyret gününe iman etmek bulara ynanmak diýmekdir. Bularyň bary hakykatdyr we hemmeside boljakdyr. “Ölenimizden soňra direljekdigimize akylymyz ýetmeýär” diýýänler bardyr. Olar bu dünýä nähili gelendiklerine düşünmeýänlerdir. Hiç ýok wagtymyz bizi ýaradan Alla öleniňden soňra gaýtadan direltmäge hem kadyrdyr, güýji ýetýändir. Mukaddes Gurhan öleniňden soňra direltmäniň hiç hili ýok wagtyň bar etmeklige garanyňda has aňsatdygyny beýan edipdir. Aslynda aňsatlyk we kynlyk bize görädir. Alla üçin bular asla kyn däldir. Onuň bir zada diňe “bol” diýmekligi ýeterlikdir, şol dessine bolar.