Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Hanefi mezhebi

Bu mezhebiň düýbüni tutan Ymam Agzamdyr. Ady Numan, kakasynyň ady Sabyt, gelip çykyş boýunça asly Ebu Hanifedir.

Hijri 80-nji (M.699) ýylda Kufede doglandyr.

Atalary Horasandan Kufä göçüp gelen Ymam Agzamyň türk bolmagy gaty ähtimaldyr.

Örän oňat ylym alypdyr, ençeme alymlardan sapak görüpdir. 18 ýyllap yzygiderli tanymal halypalardan Hammad ibn Ebu Süleýmanyň derslerine dowam edipdir. Hammad öleninden soňra, onuň ýerine geçip, onuň berýän sapaklaryny dowam etdiripdir. 

Ymam Agzam müňe ýakyn talyp ýetişdiripdir. Ymam Ebu Ýusup (H. 113-182/M. 731-798), Ymam Muhammet ibn Hasan eş-Şeýbany (H.132-189/M.749-804 ), Zufer ibn Huzeýl (H.110-158/M.728-775) dagy olaryň içinde iň meşhurlarydyr. Şol bir wagtyň özünde-de olar Hanefi mezhebiniň ilkinji tarapdarlarydyr.

Abbasy halyfalaryndan Mansur Ymam Agzama Bagdat kazylygyny (häkimligini) teklib edipdir. Ymam bu teklibi kabul etmändigi üçin zyndana atypdyrlar we ýenjipdiler. Şol taýagyň täsiri bilen 70 ýaşynyň içinde hijri 150-nji (M.767) ýylda Allanyň ýolunda amanadyny tabşyrypdyr.

Hanefi mezhebi ilki Yrakda, ondan soňra bolsa Müsür, Hindistan we türk ülkelerinde bolup, dürli taraplara ýaýrapdyr.