Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Hanbeli mezhebi

Bu mezhebiň gurujysy Ahmet ibn Hanbeldir. Hijri 164-nji (M.248) ýylda Bagdatda doglup, 241-nji (M.885) ýylda hem Bagdatda aradan çykypdyr. 

Mekge, Medine, Şam ýaly örän köp yslam merkezleri gezen Ahmet ibn Hanbel Ymam Şafiiden sapak alypdyr.

Ahmet ibn Hanbel uly bir pähimdar we hadys boýunça alymdyr. Ol mukaddes Gurhany düşündirmeklige-de ussat bolupdyr. 40.000-den gowrak hadyslary özünde birleşdirýän ýygyndysy meşhurdyr.

Hanbeli mezhebi Bagdada, Müsüre, Siriýa we Hijaza ýaýrapdyr.