Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Ahyrete imanyň peýdalary

Öleniňden soňra gaýtadan direljegine we dünýäde eden işleriniň hasabatyny hut özi gönüden-göni Allatagala berjegine ynanan adam Allanyň buýruklaryny diňlär, gadagan eden zatlaryndan saklanar. Pygamberimizden nusga alyp,onuň düzgünlerine uýar, arassa ahlagy bilen ahlaklanmaga synanşar. Dogan-garyndaşlarydyr goňşulary bilen oňat gatnaşyk eder. Hile we nähaklykdan, başgalaryny aldamakdan gaça durar. Elinden geldigiçe, her kime ýagşylyk etmäge çalşar. Hasap gününde diňe eden işlerinden däl, eýsem pikir eden zatlaryndan-da soraga çekiljekdigine ynanan bir adam hereketlerine seresaply boljakdygy ýaly, ýüreginide her hili ýaramazlyklardan ardyndyrmaga, tämizlemäge çalşar.