Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Injil (Ahd-i Jedit):

Injiliňde Töwrat ýaly asyl we dogry bir nusgasy ýokdur. Häzirki wagtda hristianlaryň elinde bolan we “Ahd-i Jedit” diýlip atlandyrylýan kitaplar Hz. Isa Alla tarapyndan iberlen Injil däldir. Hz. Isadan soňra ençeme adamlar tarapyndan ýazylan kitaplardyr. Häzirki wagtda hristianlar tarapyndan Injil diýlip kabul edilen dört sany biri-birinden tapawutly injil nusgasynyň birinde bar bolan beýanlar beýlekisinde ýokdur. Bilnişi ýaly, Luka, Matta, Ýuhanna, we Markos diýen adamlaryň ýazan dört sany Injil bardyr. Bulardan başga-da birnäçe Injil ýüze çykarylsada, milady 325-nji ýylda Iznikde geçirilen ruhanylaryň mejlisi tarapyndan beýlekileri ýakylypdyr, diňe bu dört sanysy galdyrylypdyr. Ýöne mukaddes Gurhan Alla tarapyndan pygamberimize iberilişi ýaly goralandyr hem-de bize tewatür (dilden-dile, agyzdan-agza geçip) ýoly bilen gelip ýetendir. Häzirki wagtda elde bar bolan ýeke-täk semawi nusgaly kitap mukaddes Gurhandyr we kyýamata çenli-de hiç hili özgerdilmän, üýtgewsiz dowam etjekdir. Biz – musulmanlar Allanyň mukaddes Gurhandan öň, Töwrat, Injil we Zebur diýen uly kitaplar bilen käbir sahypalary iberendigine iman ederis. Ýöne, häzirki wagtda elde bolan we şeýle atlar berlen kitaplaryň tutuşlygyna ylahy kitap bolandygyny kabul etmeýäris. Çünki, bular ýoýylandyr.