Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Jennet we jähennem

Jennet ýagşylyk, ajaýyplyk mekanydyr. Allatagala bu ýere özüni tanan, buýruklarydyr düzgünlerine uýan, gadagan eden zatlaryndan saklananlary goýjakdyr. Jennete giren adam şol ýerde islän her dürli nygmatyny tapjakdyr. Musulmanlar Allanyň jemalyny bu ýerde görjekdirler we ebedi görnüşde jennetde galjakdyrlar.

Jähennem bolsa azap ýeridir. Allatagalany tanamaýanlar we oňa garşy çykanlar bu ýerde tükeniksiz azaba duçar boljakdyrlar. Musulmanlardan günäkär bolup, günäsi geçilmeýänler hem günäleriniň derejesine görä azap çekenlerinden soňra, jähennemden çykyp, jennete girjekdirler. Jennet bilen jähennem häzir hem bar bolup, ýerleri hakynda anyk bir maglumatymyz ýokdur.