Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Jyn we Şeýtan

Perişdelerden başga Allanyň jyn we şeýtan yaly ýene biziň gözümize görünmeýän, ýöne bardygyna şübhe bolmaýan käbir ýaradylanlar bardyr. Bularyň bardygyny mukaddes Gurhan habar berýändir. Söýgüli kitabymyz Gurhanyň her bir habarynyň dogry bolşy ýaly, bu habary hem dogrudyr. Jyn ynsan oglundan öň yaradylandyr. Jynlar Allanyň rugsady bilen dürli görnüşlerdir şekillere girerler. Allanyň rugsady bolmasa, olar hiç kime azar bermezler. Jynlar hem edil biz, ynsanlar ýlay, Allany tanap, oňa ybadat etmeklik babatdan jogäpkärdirler. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: 

“Men jynlary we ynsanlary diňe maňa ybadat etsinler diýip ýaratdym.”(Zariyat: 56) Beýleki bir tarapdan mukaddes Gurhan jynlardan bir toparynyň pygamberimizi kitap okaýan wagtynda diňläp, iman edendigini, soňra bolsa gidip jynlar üýşmeleňlerine habar berendigi aýdylýar.(Jinn: 1-2) Şeýtan hem jynlardan bolup, adama görünmeýän barlyklaryň biridir.  Şeýtan ilkinji ynsan we birinji pygamber Adam aleýhissalamdan öň ýaradylandyr. Uzak wagtlap Alla ybadat edipdir we perişdeleriň arasyndan orun alypdyr. Allatagala Adam aleýhissalamy ýaradanda, perişdelere oňa sejde etmekligi tabşyrypdyr. Şeýtan bolsa bu talaba boýun bolmandyr: “Men ondan has peýdalydyryn, çünki, meni otdan (ataşdan) ýaratdyň, ony palçykdan ýaratdyň” ( Araf: 12) diýip, Adam aleýhissalama sejde etmändir. Şonuň üçin Alla: “Eger şeýle bolýan bolsa, ol ýerden çyk, çünki sen kowuldyň” (Hijr: 34) buýruk berip, ony rehnetinden uzaklaşdyrypdyr. Şeýtan Alladan ynsanlaryň direljek gününe çenli ýaşamaga rugsat sorapmyş, bu rugsat hem oňa berlipdir. Şondan soňra şeýtan ýer ýüzünde ýaşaýan adamlary elinde baryny edip Alla tarap giden ýoldan uzaklaşdyryp, ýoldan çykarjakdygyny aýdyp, Allanyň ýanyndan aýrylypdyr. Gurhanda “Iblis” görnüşinde hem ady geçýän şeýtany Alla ynsan oglunyň duşmany hökmünde tanadypdyr we şeýdip tanalmasyny hem isläpdir. Jynlardan iman etmeýänler hem şeýtanyň orunbasarlarydyr.