Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Mukaddes Gurhanyň ýazylyşy we sahypa görnüşine getirilişi

Inen aýatlar pygamberimiz we musulmanlar tarapyndan ýatdan öwrenilipdir, ýat tutulypdyr. Beýleki ýandan bolsa pygamberimiziň talaby boyunça kätipler tarapyndan hem ýazylypdyr. Dört çaryýarlar (Ebu Bekir, Omar, Osman we Aly b. Ebu Talyp), Zeýd b.Sabit, Ubeýý b.Kab, Halid b. Ebu Sufýan (Allahym jemendesinden razy bolsun!) pygamberimiziň wahyý kätipleri bolan egindeşleridir. Wahyý kätipleri Gurhanyň aýatlaryny inçe daşlar bilen kürek süňklerine, hurma agajynyň gabyklaryna we derileriň ýüzüne ýazýardylar. Çünki, şol wagt kagyz ýokdy. Pygamberimiz inen aýatlaryň dogry ýazylyp ýazylmandygyny barlamak üçin aýatlary okaýardy we wahyý kätiplerine okadýardy. Şeýdip, mukaddes Gurhan heniz pygamberimiz bar döwründe jemlenilip ýazylypdy we ýatdan öwrenme esasynda goralyp saklanylypdy. Hz. Ebu Bekiriň halyfalyk wagtynda Ýemame soweşinde ýetmiş çemesi hafyzyň şehit edilmegi bilen halyfa pygamberimiziň egindeşinden wahyý kätibi bolan Zeýd b. Sabitiň ýolbaşçylygynda bir topar döredilipdir. Şol topar birinjiden, wahyý kätipleriniň ýazanlaryna, ikinjidenem Gurhanyň inişi döwründe ony ýatdan tutanlaryň ýatkeşliginden peýdalanyp, örän seresaplylykdyr jogapkärçilik bilen çemeleşip, ony bir sahypalar görnüşinde jemläpdirler. Şol nusga hem asyl nusga hökmünde halyfanyň ýanynda goralyp saklanylypdy.