Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Kyýas

Kyýas sözüniň sözlükdäki manysy bir zady başga bir zat bilen ölçemek we iki zadyň arasyndaky tapawudy belli etmekdir.

Dindäki manysy bolsa, kitapda, sünnetde ýa-da ylalaşmada (ijma)düzgüni, kadasy bolmaýan haýsydyr bir meselä aralaryndaky düşünişmezlik sebäpli bu çeşmelerden birinde orun berlen meseläniň düzgünini, kadasyny bermek diýmekdir.

Pygamberimiz şeýle diýipdir: (Mirasdary öldüren) ganhor mirasçy bolmaz.” (Ebu Dawut, Diýat,18; Ahmet b. Hanbel,1/49; Darimi, Feraiz, 41). Munuň sebäbi, mirasdüşer ganhoruň tizden-tiz hak-hukugyna ýetmegi üçin gadagan edilen bir işi, öldürme işini serişde hökmünde ulanmagydyr. Şeýlelikde, ol mirasdan mahrum edilip, jezalandyrylmalydyr.

Yslam hukukçylary şuňa meňzeş sebäp bolandygy üçin, wesýet edeni öldüren algydaryda wesýetden mahrum boljakdygyny düzgünleşdirendirler.

Ynha, din bilen baglanyşykly düzgünlerdir kada kanunlaryň delilleri we tutaryklary şulardyr. Bulardan ilkinji ikisi bolan kitap we sünnet dinde esasy we asyl çeşmedir. Beýleki ikisi, ýagny ylalaşma (ijma) we kyýas kitap bilen sünnete tabyndyr.