Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Imanyň dogry we makul bolmagynyň şertleri

Imanyň dogry we makul bolmagy üçin esasy üç sany şert zerurdyr:

 a. iman umytsyzlyk ýagdaýynda bolmaly däldir. Bütin ömri boýunça ynanmadyk bir adamyň ýaşamaklyga umydy galman, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanyndan soňra we jähennemdäki ýeri özüne görkezilenden soňra iman etmekliginiň hiç hili peýdasy ýokdur.

b. ynanan bir adam diniň anyk bolan düzgünlerdir kadalaryndan haýsy hem bolsa birini inkär ediji sözi ýa-da hereketi ulanmaly däldir. Meselem, dini düzgünlerden anyk bolan namaz, oraza, haç we zekat ýaly bir düzgüni inkär eden adam Alla Tagalanyň öz saklasynda her ne!- imanyny ýitiren hasaplanylar. Çünki, diniň düzgünleri bütewidir, olardan birini inkär etmek olaryň baryny inkär etmek diýmekdir.

ç. dini düzgünleriň hemmesiniň oňatdygyny kabul etmeli we olaryň arasynda bir tapawut goýmaly däldir, biri-birinden aýyrmak bolmaz. Dini düzgünlerdir kadalaryndan birine göwnüýetmezçilik etmek imanyň ýok bolmagyna sebäpdir.